Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna

Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda keramatly şahslar barada

Türkmen halkynyň milli buýsanjy Magtymguly Pyragynyň ölmez ýitmez many-mazmundan, öwüt nesihatdan ýüki ýetik ajaýyp goşularyny näçe giňişleýin okasaň, öwrenseň halkymyzyň taryhyny, edebiýatyny, beýleki taryhy çeşmeleri giňden öwrenmäge mümkinçilik berýär. Şeýle şygyrlaryň biri-de Magtymgly atamyzyň “Şypa ber” atly goşgusy. Bu goşguda halkymyzyň arasynda ady rowaýata öwürlip giden, şu günler hem giňden tanalýan keramatly şahslar beýan edilýär. Magtymguly Pyragynyň bu goşgusyndaky keramatly şahslar dogrusynda halkyň arasynda dürli-dürli rowaýatlar aýdylyp gelinýär. Akyl paýasyň, ýiti aňyň, çeper sözlüligiň eýesi bolan parasatly pederlerimizden miras galan rowaýatlar halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş tejribelerini, dünýägaraýyşlaryny, däp-dessurlaryny, ýagşylyk-ýamanlyk hakyndaky garaýyşaryny özünde jemleýär. Köp manyly, ýokary mazmunly rowaýatlaryň üsti bilen dana pederlerimiz öz nesillerinde durmuşda dogry ýaşamagy, il güne ýagşylyk etmegi, mähriban Watanyňy, il-güniňi, maşgalaňy söýmegi terbiýeläpdireler. Magtymguly Pyragynyň ,,Şypa ber” goşgusynda keramatly şahslaryň adyna aýdylýan rowaýatlar many-mazmun taýdan örän özine çekiji, terbiýeçilik taýdan bolsa ýaşlarda adamkärçiligiň iň uly sypatlarynyň biri bolan kanagatlylygy terbiýelemekde, harsydünýälige, açgözlülik ýaly pes gylyklara ýirgenç döretmekde ähmiýetlidir.

Magtymguly Pyragynyň “Şypa ber” goşgusynda:

Döw-periniň, ynsyň-jynsyň patyşasy,

Soltan bolan şa Süleýman, şypa ber.

– diýen setirler bar. Süleýman pygamber baradaky rowaýatlarda Süleýman pygamberiň ýere, suwa, guş-gumrylara hökümini ýöredipdir diýlip aýdylýar. Rowaýatda Süleýman pygamber guş-gumrylaryň patyşasy bolupdyr we olaryň diline düşünipdir. Günleriň birinde Süleýman pygamber baýguşy ýanyna çagyryp: “Sen menden näme isleseň dilegiň hasyl bolar, menden dileg sora” diýýär. Şonda baýguş Süleýman pygambere garap: “Seniň öziň näme berseň men şoňa razy” diýip jogap berýär. Baýguşyň şeýle kanagatlylygyny, pespäliligini hem oňňutlylygyny görip Süleýman pygamber baýguşa: “Her günki rysgyň agzyňa gelip dursun” diýip pata beripdir. Süleýman Pygamber bardaky rowaýatlarda ol Dawut Pygamberiň ogludyr diýilýär. Rowaýatlarda ýaradan Süleýman Pygambere ýeliň ygtyýaryny berenmiş. Ol tebigatdaky ähli zatlaryň, ynsanlaryň haýwanlaryň üstünden höküm sürenmiş we olarň diline düşünenmiş. Süleýman Pygamberiň bir ajaýyp ýüzügi bolup, şol ýüzük arkaly ol uly güýje eýe bolup ynsan, haýwan, periler ona tabyn bolupdyrlar. Süleýman Pygamber adalaty, şöhraty, ylmy bilen bütin dünýä ýaýrapdyr. Süleýman Pygamber sebet dokamak işi bilen hem meşgul bolandygyny Magtymguly Pyragy öz şygrynda:

Ynsyň-jynsyň patyşahy,

Ol hem zenbil dokap geçdi.

  • diýip belleýär.

Magtymgly Pyragynyň ,,Şypa ber” goşgusynda:

Hywanyň ýurdynda ýatan jenanlar,

Ýa Ysmahmyt, är Päliwan, şypa ber.

Şygyrda getirilýän Ysmahmyt atanyň aramgähi Daşoguz welaýatymyzyň Görogly etrabynyň Zaman geňeşliginiň çäginde ýerleşýär. Rowaýatlaryň birinde Ysmahmyt ata Muhammet Pygamberiň egindeşi we dosty Musaýyb Gazynyň oglydyr diýilýär. Halkyň arasynda aýdylýan rowaýatlarda Ysmahmyt atanyň tebip, pälwan, şahyr bandygy barada gürrüň berilýär.Ysmahmyt ata ýadygärlikler toplumynda Gurhanhananyň bolmagy we talyplar üçin ýörite hüjüreleriň bolmagy Ysmahmyt atanyň metjit-medresede talyplara sapak berendigine şaýatlyk edýär. Hak nazary düşen keramatly ynsanlaryň ady nesilden nesle geçip rowaýata öwrülýär. Indi ençeme asyrlar bäri Ysmahmyt atanyň aramgähine onuň mukaddes keramatly ruhyndan medet diläp gelýän zyýaratçylaryň yzy üzülenok.

Ysmahmyt ata ýadygärlikler toplymynyň kerwen ýolynyň ugrynda ýerleşen düşelgeleriň biri bolandygyndan çen tutsaň, jahankeşde şahyrymyz Magtymgly Pyragynyň hem şu kermataly şahsyň aramgähine zyýarata gelen bolmagy mümkin diýen ýakymly pikir seriňe dolýar.

Magtymgly aýdar meniň derdime,

Dünýäniň tebibi, Lukman şypa ber.

– diýen setirlerindäki Lukman hekim Gündogar edebiýatlarynda we halk döredijiliginde her-hili dert kesellerli bejerýän lukman bolupdyr diýip bellenilýär. Rowaýatlara görä Lukman hekim 4400 ýyl ýaşanmyş. Bu barada Magtymguly Pyragy:

Dört müň dört ýüz ýaşan Lukman Hekimiň,

Ajal ýakasyndan tutdy, ýaranlar – diýip belleýär.

“Kysassyl Enbiýa” kitabynda berilýän maglumatlara görä Lukman hekim bir agaç ussasynyň ogly bolup özide hezreti-Dawudyň zamanynda ýaşap geçipdir. Gadymy Arap edebiýatynda Lukman hekim dana adam hasaplanyp, köp dürli nakyllaryň, basnyýalaryň awtory hökmünde tanalýar.

Ogulmiwe Jumadurdyýewa,

Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň

Halkara gatnaşyklary institutynyň  Halkara žurnalistika fakultetiniň talyby.

 

Bellik: Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny şöhratlandyrmak, ýaşlary akyldar şahyra bagyşlanan kämil eserleri döretmäge höweslendirmek maksady bilen “Atavatan Türkmenistan” halkara žurnaly döredijilik bäsleşiginden ötüri “galam hakly” döredijilik işini yglan edýär. Emeli Intellektiň mümkinçiliklerinden peýdalanyp geçirilýän döredijilik işi “Ak Tam” hojalyk jemgyýetiniň hemaýat bermeginde geçirilýär.

Şeýle hem ýakyn wagtda saýtymyzdan bu makalany iňlis we türk dillerinde  okap bilersiňiz. Emeli intellektiň üsti bilen ýörite wideo taýýarlap, “Atavatan Tv Youtube” kanalyna we www.atavatantv.com saýty bilen dünýäniň tomaşaçylar köpçüligine ýetireris. 

Ýene-de okaň

Magtymguly Pyragynyň berkarar döwlet baradaky taglymaty

Pyragy iňlisçe şirin ýaňlanýar

Magtymguly Pyragynyň şygyrlary milli terbiýäniň pähim akabasy

Magtymguly – telekeçi şahyr

Baky gelen ýok diýseler ynanmaň!

  Göwün bir guşdur…