SIZDEN GELENLER

Magtymguly Pyragynyñ Edebi mirasy çagalar baglarynyñ okuw-terbiýeçilik işinde

Ata-babalarymyz perzentleri iň mukaddes we naýbaşy duýgy düşünjeler bilen kemala getiripdir. Şoňa görä-de türkmeniň terbiýe taglymatynda Magtymguly Pyragynyň edebi mirasyna hem uly orun berilipdir. Pederlerimiziň nesil terbiýelemekde, kämil şahsyýetleri kemala getirmekde beýik şahsyýetleriň göreldesine, olaryň baý terbiýeçilik mirasyna eýermek ýörelgesi häzirki ajaýyp zamanamyzda hem mynasyp dowam etdirilýändigi busýanç bilen bellärliklidir. Köp asyrlyk terbiýeçilik däplerine we onuň biziň günlerimize gelip ýeten tejribesine daýanmak şu günüň bilim-terbiýeçilik işinde hem mynasyp peýdalanylýar. Munuň şeýledigini mekdebe çenli çagalar edaralarynda alnyp barylýan okuw-terbiýeçilik işleriniň mysalynda hem görmek bolýar. Çünki halk pedagogikasynyň aýrylmaz bir bölegine öwrülen Magtymguly atamyzyň öwüt-ündewlerine salgylanmak häzirkizman usulyýetinde hem öz ähmiýetini aýdylygy bilen ýüze çykarýar.

Gahryman Arkadagymyzyň: «Ynsanperwerligiň, watansöýüjiligiň, ruhubelentligiň, bitewiligiň aýdymy bolup ýaňlanýan Magtymguly Pyragynyň şygyrlary her bir ynsanyň köňül nagşydyr» diýip belleýişi ýaly, şahyryň edebi mirasy biziň köňüllerimizde, ömürlerimizde ýaşaýar. Şoňa görä-de akyldaryň dana diwanlary biziň durmuşa bolan gatnaşyklarymyzyň ähli pursatlarynda duýulýar.

Diňe öz Diýarymyzda däl, dünýäniň meşhur bilim edaralarynda, okuw ojaklarynda hem Magtymguly Pyragynyň baý döredijilik mirasyna we ylmy-pelsepewi çeşmelerine salgylanylýandygy mälimdir. Bu ýörelge ýurdumyzyň bilim terbiýeçilik edaralarynda has-da giň gerimli alnyp barylýar. Şol sanda mekdebe çenli bilim terbiýe ulgamynda hem şahyryň parasatly pentlerine, şahyrana wesiýet-ündewlerine uly orun berilýär. Çünki Pyragynyň ähli eserleri milli terbiýeçiligiň özeni, gözbaşy bolmagynda galýar. Şonuň üçin hem mekdebe çenli çagalar edaralarynyň Gün pursatlarynyň içinden Pyragynyň paýhas pähmi eriş-argaç bolup geçýär.

Magtymguly atamyzyň ündewli setirlerini hünär kämilliginiň çeşmesi hasaplaýan terbiýeçiler «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylynyň her günki  ir säherinde-de körpeleri kabul edilýän pursatlardan  başlap Pyragy paýhasyndan ugur alýarlar. Irdenki maşklarda şahyryň sagdyn durmuş ýörelgelerini ündeýän setirlerine salgylanyp, beden saglygy bilen ruhy sagdynlygy sazlaşykly gazanmaga çalyşýarlar.

Gezelenç pursatlarynda şahyryň watansöýüjilik pelsepesinden ugur alyp, nesillerde daş töwerege, tebigata we zähmete söýgi döredilýär. Munuň özi nesilleri hakyky manysynda terbiýelemekde we olary döwletlik ruhunda kemala getirmekde hem-de çagalara gözellik terbiýesini bermekde ajaýyp usuldyr.Şeýle baý mazmunly başlanan Gün tertibiniň  wakalary gyzykly sapaklar bilen dowam edýär. Elbetde, sapaklaryň görnüşine, temasyna garamazdan islendik sagatlarda, sapaklaryň guramaçylyk döwürlerinde hem Magtymguly atamyzyň ady bilen bagly söhbetlere ýüzlenmek bolýar. Şunda  «Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy» ýylymyzyň şygarynyň mazmunyna we onuň nyşanyna, Gündogaryň akyldary Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli dabaralandyrylýan çärelere ünsi çemek bolýar.

Ýeri gelende bellesek, sapagyň barşynda, geçilenleri gaýatalamakda ýa-da sapagy berkitmekde Magtymguly atamyzyň döredijiligine ýüzlenmek, onuň eserlerinden mysallara salgylanmak ýerliklidir.  Meselem çagalara pasyllar öwredilende akyldar şahyryň:

«Mydam seýre gezer ol tört deňi-duş,

Bolar andan jümle älem ýüzi hoş»

diýen setirlerine salgylanmak bolar. Ýönekeý matematiki düşünjeleri ösdürmekde we wagt birliklerini, aý-gün hasabyny öwretmekde bolsa akyldaryň şu bendininiň mazmunyny beýan etmek hem täsirlidir

Bir öýde bar on iki han,

Hoş gelip siz, eziz myhman,

Bir suprada dört yssy nan,

Üstünde ýedi nar gördüm.

Okuw maksatnamasy esasynda geçilýän Magtymguly Pyragynyň «Içinde» diýen goşgysyny bolsa ýat tutmak arkaly çagalaryň sözleýiş endikleri, labyzly okaýyşlary, duýgulary ösdürmekligi gazanmak mümkin. Goşgynyň mazmunyny açyp görkezýän sanly görkezme serişdelerinden peýdalanmak arkaly bolsa sapagyň netijeliligini has-da baýlaşdyrmak bolýar. Şeýle mazmunly sapaklar çaglalaryň mekdep döwründe hem Magtymgulynyň mirasyny öwrenmäge bolan höwesi çuňlaşdyrýar, şahsyýetiň ömrini we döredijiligini düýpli öwrenmäge başlangyç esas bolýar.

Elbetde terbiýeçiler çagalary naharlaýan pursatlarynda dana Magtymgulynyň «Halal lukma ýagtylyk bir ýüzlere» diýen ýaly dürdänelerini dile getirseler, şahyryň «Galamagaldan bela geler» diýen sözlerini gaýtalap saçak başynda özüňi alyp barmagyň edebini ýatladýarlar.

Terbiýeçilik ähmiýetli pursatlarda, körpelere watansöýüjiligi, ynsanperwerligi, azgybirligi, dost-doganlygy öweretmegiň  hem şahyryň döredijiligi bilen baglanyşdyrylmagynda uly many bar. Dünýa danasyna deňelýän parsatly Pyragynyň:

«Ýagşylykda ile özün tanadan,

Alkyş alyp, derejesi zor bolar».

***

«Mert bolar men diýseň, merde hemra bol».

***

«Magtymguly, halkdan syryn gizlese,

Dişini uşadyň ýalan sözlese».

***

«Başyň goşma gadyr bilmez bezzada».

***

«Bisabyr gul tiz ýolugar belaga,

Sabyrly gul dura bara şat bolar»

***

«Akyl bolsaň söz aýtmagyl,

nobat berilmegen ýerde».

***

«Kitap okan gullar magyndan dokdur».

ýaly, akyla, nakyla öwrülen sözlerini beýan etmek we çagalara düşnükli bolan dilde manysyna aralaşmak ýaş nesilleri ýagşy gylyk häsiýetlerde kemala getirmäge ýol açýar. Şu günki nesilleriň hem aňyna guýulýan şeýle sözler olara durmuşyň täze sahypalarynda hem ýolgörkeziji bolup hyzmat edýär. Şahyryň ähli eserlerindäki kämil bentler hem parasatly jümleler ýaş nesilleri dost-doganlyga, jebislige, birek-birege hormat goýmaga, okap öwrenmäge, ahlak taýdan arassa-dogry sözli, halal kespli, ýagşylyklary ýaýan, dünýäni özgertmege çalyşýan ynsanlar bolup ýetişmäge çagyrýar.

Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli bilim ulgamynyň döwrebap derejede ösdürilýän zamanasynda milli terbiýeçilik däplerimize eýerip, halk pedagogikasynyň iri şahalarynyň biri bolan Magtymguly atamyzyň eserleriniň terbiýeçilik täsirinden yzygiderli peýdalanmaga, ony ýaş nesilleriň öwertmege  uly mümkinçilikler döredilýär. Gündogaryň beýik söz ussadynyň doglan gününiň ýubileý senesiniň halkara derejesinde bellenilýän ýylynda bolsa bu asylly ýörelgeler has-da rowaçlanýar.

Türkmeniň terbiýe taglymatynyň köklerini berkidip, asylly işlerde bize halypalyk nusgasyny görkezýän Gahryman Arkadagymyza, Pyragynyň arzuwlan zamanasynda döwletimiziň täze Galkynyşyny rowaçlandyrýan Arkadagly Gahryman Serdarymyza egsilmez alkyşlar aýdýarys.

 

Orazbibi MUHAMMETDURDYÝEWA, Sakarçäge etrabyndaky «Bagtyýar nesil» atly

4-nji çagalar bakja-bagynyň terbiýeçi-usulyýetçisi, TDP-iň ilkinji guramasynyň başlygy.

 

 

 

 

 

 

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri