SIZDEN GELENLER

Magtymguly Pyragynyň döredijiligi ruhy hazynadyr

Türkmen halkynyň nusgawy edebiýatynda uly orun tutýan Magtymguly Pyragynyň edebi mirasy egsilmez ruhy hazynadyr. Magtymguly Pyragy türkmen halkynyň ruhy ganaty, şamçyragy hasaplanylýar. Pyragy her bir ynsanyň kalbynda belent adamkärçilikli ýaşamagyň nusgasy hökmünde kabul edilýär. Dana şahyr adamkärçilige, ynsanperwerlige, watansöýüjilige ýugrulan goşgulary bilen ynsan kalbynda orun aldy. “Taraşlap, şaglatgyl köňle geleniň, Senden soňkulara ýadygär bolar” — diýip ýazan şahyryň döredijiligi gymmatly mirasdyr. Köňlündäki iň ýagşy sözleri şygra siňdirip bilmek uly ussatlykdan nyşandyr. Şonuň üçin hem akyldar şahyryň döredijiligini edebiýatçylar, dilçi alymlar ylmy esasda öwrenýärler.

Bu günki güne çenli şahyryň edebi mirasy hakynda ençeme ylmy garaýyşlar beýan edildi, kitaplar çap edildi. Bu ylmy garaýyşlarda baý edebi mirasyň many-mazmuny, dil baýlyklary, nesil terbiýesindäki ähmiýeti aýratyn bellenilýär. Magtymguly Pyragynyň şygyrlarynda milli ruh, milli duýgular ynsanyň adamkärçilik häsiýetlerini kesgitleýär. Olarda mertlik, watançylyk, ar-namyslylyk, kalby päklik, tebigata we janly-jandarlara söýgi, rehim-şepagat bilen garaýyş, ula-kiçä hormat goýmak, wepadarlyk, hoşniýetlilik, mylaýymlyk, pähim-parasatlylyk, salykatlylyk, ynsanperwerlik ýaly häsiýetler beýan edilýär. Magtymguly Pyragynyň döredijiliginde watançylyk hakyndaky pikirler halkyň milli ýörelgesi bilen berk baglanyşdyrylýar. Bu pikirler Watana bolan beýik we synmaz söýgini özünde jemleýär.

Jeýhun bilen bahry Hazar arasy,

Çöl üstünden öser ýeli türkmeniň,

Gül-gunçasy, gara gözüm garasy,

Gara dagdan iner sili türkmeniň.

Akyldar şahyryň şeýle setirleriniň özi hem watansöýüjilik hakyndaky pikirleriň, Watana bolan söýginiň nusgasyny beýan edýär.

“Gel, köňlüm, men saňa nesihat kylaý, Watany terk edip gidiji bolma” ýaly setirlerde Magtymguly Pyragy Watanyň mukaddesligini, onda ýaşamagyň, Watan bilen galmagyň bagtdygyny ündeýär.

Pyragynyň dö­re­di­ji­li­gin­de onuň ýa­şan döw­rü­ne de­giş­li äh­li ugur­lar­da bo­lup geç­ýän ýag­daý­la­ra çe­per sö­züň üs­ti bi­len pa­ra­sat­ly ba­ha be­ril­ýär. Esa­san hem, şa­hy­ryň dö­re­di­ji­li­gin­de dur­mu­şyň köp ugur­la­ry­nyň jem­len­me­gi mu­nuň aý­dyň su­but­na­ma­sy­dyr.

Magtymguly Pyragynyň ylym-bilimi wagyz edýän goşgulary aýratyn bellenmäge mynasypdyr. Çünki şahyr ylym öwrenmegiň, kitap okamagyň ähmiýeti hakynda çuňňur beýan etmek bilen bir hatarda ýaşlara pent-nesihat edýär:

Adam bolsaň, gulak goýgul öwüde,

Alymlar ýanynda söhbet ýagşydyr.

Şu setirlerden görnüşi ýaly, alymlaryň ýanynda bolmak, olaryň nesihatyny diňlemegiň möhümdigi bellenilýär.

Gündogaryň beýik akyldary, şirin dilli söz ussady Magtymguly Pyragynyň arzuwlan zamanasynda ýaşamak, berkarar döwletimiziň ajaýyp ösüşlerine gözli şaýat bolmak biziň üçin çäksiz bagtdyr.

 Mährijemal NURBERDIÝEWA,

Ahal welaýatynyň Ak bugdaý etrabyndaky daşary ýurt dillerini çuňlaşdyryp öwredýän umumy bilim berýän ýöriteleşdirilen 8-nji orta mekdebiniň mugallymy.

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri