Türkmen halky dünýä medeniýetine, sungatyna uly goşant goşan, beýik taryhy şahsyýetleri öňe çykaran halkdyr. Häzirki döwürde hormatly Prezidentimiziň tagallasy bilen taryhda yz goýan şahsyýetleriň atlaryny ebedileşdirmek, olaryň bitiren işlerini çuňňur öwrenmek boýunça uly işler alnyp barylýar. Şeýle beýik şahsyýetleriň biri-de Magtymguly Pyragydyr.
Şahyryň döredijiliginiň halkylygy onuň şygyrlarynyň halkyň durmuşyna ýakynlygy bilen kesgitlenýär. Şunda Magtymguly Pyragynyň goşgularynyň adalatly jemgyýeti döretmek, döwletlilik ýörelgesini ösdürmek baradaky pikirleri aýratyn many-mazmuna eýedir. Şahyryň döredijiliginde halkylygyň güýçli bolmagynyň ýene bir sebäbi onuň pikirleriniň, arzuwlarynyň halkyňky bilen bir bolmagydyr. Akyldar şahyr agzybirlik taglymatyny öňe sürmek bilen, berkarar döwlet gurmak arzuwlaryny beýan edýär.
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe akyldar şahyryň döredijiligini dünýä ýaýmak boýunça netijeli işler alnyp barylýar. 2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek baradaky başlangyç ýurdumyzyň bagtyýar raýatlarynyň göwün guşuny ganatlandyryp, kalbyna şatlyk nuruny çaýýar.
Magtymguly türkmen halkynyň guwanjy we buýsanjy hasaplanýar. Ol geçmişiň, şu günüň, geljegiň şahyry hökmünde ykrar edilendir. Akyldar şahyrymyz diňe bir türkmen halkynyň däl-de, eýsem, dünýä halklarynyň arasynda hem türkmen edebiýatyny şöhratlandyran ussatdyr. Beýik söz ussadynyň ajaýyp goşgulary ähli halklar üçin ýolgörkeziji şamçyrag bolup hyzmat edýär.
Akyldar şahyryň ata Watany söýmek, adam mertebesini belende götermek, ulyny sylamak, kiçä hormat goýmak ýaly öwüt-ündewleri Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýaş nesillerimiziň kalbynda hemişelik orun alýar. Şahyryň ahlak, päk söýgi, mertlik, watançylyk ýaly meselelere bagyşlanan şygyrlary ýaş nesli milli ruhda terbiýelemekde uly ähmiýete eýedir.
Beýik söz ussadynyň akyl-paýhasa ýugrulan döredijiliginiň özlerinde galdyran täsirini şygryýetiň üsti bilen beýan edenler hem kän. Olaryň hatarynda belarus şahyry O.Loýkany, gazak şahyry G.Ormanowy, azerbaýjan şahyry H.Ilsöýeri, gyrgyz şahyry S.Jusyýewi, latyş şahyry N.Kalinany, özbek şahyry M.Şyhzadany ýatlamak bolar. Şahyryň döredijiligi bilen gyzyklanyp, köp ylmy açyşlary eden alymlaryň hatarynda akademikler, rus alymlary W.W.Bartoldy we A.N.Samoýlowiçi görkezmek bolar. W.W.Bartold ol hakda: «Gökleňlerden bolan Magtymguly şahyr ähli türkmenler üçin, şol sanda stawropollular üçin-de milli şahyr boldy» diýip bellese, A.N.Samoýlowiç: «Gökleň urugynyň gerkez tiresinden bolan Magtymguly külli türkmenleriň halypasydyr» diýip ýazypdyr.
Magtymguly Pyragy diňe türkmen halkynyň arasynda däl, eýsem, türk, rus, özbek, gazak, gyrgyz, azerbaýjan, täjik, tatar, başgyrt we beýleki halklarda-da, Eýran, Owganystan, Wengriýa, Angliýa ýaly ýurtlarda hem tanalýar. Bu halklaryň dilinde Magtymgulynyň aýry-aýry şygyrlarydyr şygyr diwanlary dürli ýyllarda neşir edildi.
2024-nji ýylda Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygynyň halkara derejede, giňden bellenilmegi beýik şahyra uly sarpa goýulýandygynyň ýene-de bir aýdyň mysaly bolar. «Ajaýyp şygyrlary bilen ynsan kalbyny ýagşylyk nuruna bezän türkmeniň akyldar ogly Magtymguly Pyragynyň mertebesi türkmen halky üçin iň belentde goýulýan mukaddeslikleriň biridir» diýýän Milli Liderimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň şahyryň döredijiligine berýän belent bahasy, oňa bagyşlap ýazan «Ynsan kalbynyň öçmejek nury» atly ajaýyp kitaby Magtymgulynyň döredijiliginiň türkmen halkynyň durmuşynda wajyp orun tutýandygyny görkezýär.
Merdan Baýramow, TOHU-nyň uly mugallymy.