Taryhda öçmejek yz goýan nusgawy şahyrlarymyzyň döredijiligi Arkadagly Serdarymyzyň, Gahryman Arkadagymyzyň saýasynda yzygiderli öwrenilýär. Olar hakda ylmy işler, makalalar, kitaplar ýazylyp, gymmatly pikirler halk köpçüligine ýetirilýär.
Jemşidiň jamyna deňelýän köptaraply döredijiligi bilen at-owazasy äleme meşhur bolan beýik akyldar Magtymguly Pyragynyň döredijiligi babatynda bolsa, dünýä halklarynyň arasynda hem-de ýurdumyzda uly işler alnyp barylýar. Şahyryň pedagogik garaýyşlary, edep-terbiýe hakdaky pikirleri ýaşlary terbiýelemekde nusgalyk mekdep bolup, çuň we köptaraply öwüt-ündewleri ýaş nesilleriň aňyna guýulýar.
Magtymgulynyň şygyrlaryndaky söýgi, duýgy, umyt, umuman, oý-pikirler hiç mahalda köneljek zat däl. Sebäbi, olar halkyň durmuşyny, aýratyn-da, adamyň ömrüni dyngysyz derňäp hem seljeren şahyryň sap ýüreginde gaýnap çykan sözlerdir. Çünki, Magtymguly Pyragy köňülleriň şahyrydyr.
2014-nji ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 290 ýyllygy dabaraly bellenilip geçildi. Ýurdumyzda we daşary döwletlerde şahyryň ömri we döredijilik ýoluna bagyşlanyp köpsanly çäreleriň geçirilmegi, eserleriniň dünýä halklarynyň ençemesiniň dillerine terjime edilmegi diňe bir ýurdumyzyň däl, eýsem, dünýä medeniýetiniň buýsanjy bolan beýik söz ussadymyzyň mirasyna gyzyklanmany artdyrdy. Mundan başga-da şahyryň dogduk mekanynda, onuň adyny buýsanç bilen göterýän etrapda Magtymguly Pyragynyň ýadygärlikler toplumynyň hem-de muzeýiň açylandygyny guwanç bilen bellemelidiris.
Häzirki günlerde türkmen nusgawy şahyrynyň ýubileý dabaralary mynasybetli onuň baý edebi mirasyny çuňňur öwrenmek we giňden wagyz etmek maksady bilen giň gerimli çärelere badalga berildi. Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyny bellemek maksady bilen köp sanly çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.
2024-nji ýylda Aşgabat şäherinde halkara ylmy maslahatyny geçirmek meýilleşdirilýär. Onuň halkara guramalary bilen hyzmatdaşlykda geçirilmegi şahyryň edebi mirasyny dünýä derejesinde öwrenmäge we ýaýratmaga täze itergi berer. Mundan başga-da beýik söz ussadynyň döredijiligini häzirki wagtda içgin öwrenmek, onuň goşgularyny ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizmek baradaky alnyp barylýan işler barada hem bellemek gerek.
Türki medeniýetiniň halkara guramasynyň (TÜRKSOÝ) hemişelik geňeşiniň Türkiýe Respublikasynyň Bursa şäherinde geçirilen mejlisinde Magtymguly Pyragynyň 300 ýyllygy mynasybetli 2024-nji ýyly «Türki dünýäniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilip, onuň çäginde köp sanly çäreleri geçirmek meýilleşdirilýär.
Şamuhammet Muhammedow,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.