MEDENIÝET

“Magtymguly Pyragy” filmi Londonda ýörite baýraga mynasyp boldy

Türkmen edebiýatynyň nusgawy şahyrynyň hatyrasyna bagyşlanyp düşürilen «Magtymguly Pyragy» türkmen-özbek filmi Beýik Britaniýanyň London şäherinde geçirilen Ýewraziýa kino festiwalynda ýörite baýraga mynasyp boldy.

Türkmenistanyň we Özbegistanyň hyzmatdaşlygynda özbek kinorežissýory Muzaffarhon Erkinowyň surata düşüren “Magtymguly Pyragy” çeper filmi tomaşaçylarda uly gyzyklanma döredendigi üçin ýörite baýraga mynasyp boldy.

Çeper film halkara tomaşaçylar jemgyýetinde uly gyzyklanma döredip, ol hem sebitiň medeni mirasyna bolan çuňňur sarpanyň nyşanydyr.

Bu baýrak diňe bir döredijilik topary üçin möhüm waka bolmak bilen çäklenmän, eýsem halkara arenada uly ykrara eýe bolýan türkmen kinematograflary üçin hem uly ähmiýete eýedir.

“Magtymguly Pyragy” çeper filminiň üstünligi Türkmenistanyň medeni mirasynyň güýjüni görkezip, halkara jemgyýetçiliginiň uly ünsüni özünde jemledi.

Ýewraziýa kino festiwaly 2019-njy ýylda esaslandyrylyp, ol “Romford” film festiwaly bilen bilelikde guralýar. 2019-njy, 2020-nji, 2021-nji we 2022-nji ýyllarda bu festiwala 24 döwletden 350-den gowrak filmler hödürlendi. Festiwalyň geçirilýän 5 günüň dowamynda dürli döwletleriň hödürlän filmlerine baha berilýär.

Magtymguly Pyraga bagyşlanan film barada aýdylanda bolsa, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň we Özbegistan Respublikasynyň Prezidenti Şawkat Mirziýoýewiň goldamagynda düşürilen bu film 2024-nji ýylda giňden bellenilen Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300 ýyllygyna ajaýyp sowgat bolupdy.

Bu çeper film türkmen we özbek sungat ussatlarynyň hem-de aktýorlarynyň gatnaşmagynda surata düşürildi.

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda Eýranyň miniatýura surat çekme we altyn çaýma sungaty boýunça ussatlyk sapaklary

Türkmen-özbek dostluk agşamy

Özbegistan Respublikasynda Türkmenistanyň Medeniýet günleri geçirildi

Türkmenistanda noýabr aýynda geçiriljek esasy çäreler

«Daragt» çeper filmi Täjigistanda halkara baýraga mynasyp boldy

Ata Watan Eserleri

«Daragt» atly türkmen kinosy Täjigistandaky halkara kinofestiwalyna gatnaşýar

Ata Watan Eserleri