Akyldar şahyrymyz Magtymguly Pyragynyň şygryýeti türkmen halkyna, tutuş ynsanyýete ýapan serpaýy. Çünki ussadyň her bir setiri — durmuş mekdebiniň gymmatly sapagy. Akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygynyň toýlanylýan ýyly hem halkymyza sowgat yzyna sowgat eçilýär. Hormatly Prezidentimiziň 17-nji maýda geçirilen Ministrler Kabinetiniň mejlisinde akyldar şahyryň doglan gününiň 300 ýyllygy mynasybetli «Magtymguly» atly kitabyň çapdan çykandygy barada aýdanlary hem eziz Diýarymyza toý buşlugy bolup doldy. Ussadyň saýlama şygyrlaryndan düzülen, üç dilde neşir edilen kitabyň ilkinji sanyny hormatly Prezidentimiziň Gahryman Arkadagymyza ibermeginiň özi-de halkymyzyň müňýyllyklar içre dowam edip gelýän terbiýe mekdebiniň paýhas damjalary bolup kalplara damdy.
Gahryman Arkadagymyz «Ösüşiň täze belentliklerine tarap» atly kitabynda: «Beýik şahyr türkmen şygryýetiniň we türkmen diliniň taryhynda uly özgerişlikleriň başyny başlady. Onuň umumadamzat medeni-ruhy hazynasyna giren şygyrlary bu gün dünýä dilleriniň köpüsinde ýaňlanýar. Magtymguly Pyragynyň danalyga pürepür şahyrana eserleri türkmen poeziýasyny dünýä tanatdy» diýip belleýşi ýaly, akyldaryň şygyrlary dünýä gymmatlygyna öwrüldi. Akyldar şahyr bu gün Alyşir Nowaýy, Sagdy, Omar Haýýam, W.Şekspir, Gýote ýaly edebiýat äleminiň iň bir ýagty ýyldyzlarynyň biri bolup dünýä nur saçýar. Ol nur ynsan kalplarynda gözellik döredýär. Hut şonuň üçinem «Magtymguly» atly täze ýygyndynyň neşir edilmegi bilen baglanyşykly geçirilýän dabaralardaky çykyşlarda, bu kitaby ussadyň şygyrlaryna teşne kalplary gandyrýan parasat çeşmesine deňeýärler.
Mälim bolşy ýaly, mukaddes Garaşsyzlyk ýyllarynda, ylaýta-da, täze taryhy döwürde türkmen halkynyň asyrlarboýy sünnäläp döreden maddy we ruhy gymmatlyklary, çeper sungaty dünýä jemgyýetçiliginiň ünsüni özüne çekip gelýär. Muňa nusgawy şahyrymyzyň mysalynda anyk göz ýetirmek bolýar. Magtymgulynyň golýazmalar toplumynyň ÝUNESKO-nyň «Dünýäniň hakydasy» maksatnamasynyň halkara sanawyna girizilmegi, akyldaryň doglan gününiň 300 ýyllyk baýramynyň bu abraýly halkara guramasy bilen bilelikde bellenilýän şanly seneleriň sanawyna goşulmagy, Türki medeniýetiň halkara guramasy (TÜRKSOÝ) tarapyndan 2024-nji ýylyň «Türki dünýäsiniň beýik şahyry we akyldary Magtymguly Pyragy ýyly» diýlip yglan edilmegi türkmen halkyna we milli şahyryna halkara derejesinde goýulýan ýokary sarpadyr.
Abadan Aşyrowa,
Aman Kekilow adyndaky Mugallymçylyk mekdebiniň
Matematika usuly birleşmesiniň mugallymy.