Talyp-2024

Magistr-2024:S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

S.A.NYÝAZOW ADYNDAKY TÜRKMEN OBA HOJALYK UNIWERSITETI  2024/2025-nji okuw ýyly üçin magistr maksatnamasy boýunça taýýarlygyň aşakdaky ugurlaryna talyplyga kabul edýär: 

1. Ykdysadýet we dolandyryş (taýýarlygyň ugry: oba hojalygynyň ykdysadyýeti we dolandyrylyşy).

2. Weterinariýa we zootehniýa (taýýarlygyň ugry: zootehniýa).

Okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar. Uniwersitete ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenistanyň raýat lary giriş synagynyň ne tije si boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2024-nji ýylyň 15 — 28-nji iýuly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy:

— bellenilen nusgada rek toryň adyna ýazylan arza;

— bellenilen nusga daky sowalnama (anketa);

— ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgalary ýa-da tassyklanan göçürmeleri (daşary ýurt döw letinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi  baradaky şahadat namasy goşulýar);

— Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk ke pilnamasy;

— soňky okan ýerinden (iş län ýe rinden, harby bölümden) häsiýet nama;

— 3×4 sm ölçegdä ki sekiz sany foto surat;

— işleýänler üçin zähmet depderçesiniň  tassyklanan gö çürme si; Bulardan başgada, oku wa girmäge isleg bildir ýänler ýokarda gör ke zilen resminamalar bilen birlikde, resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkez ýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar:

— paspor tyny;

— harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär.

Giriş synaglary we okuwa kabul edilmek uniwersitetde (Aşgabat şäheri) 2024-nji ýylyň 14-15-nji awgustynda ge çirilýär.

Giriş synaglary degişli  taýýarlygyň ugur lary boýunça  ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda döwlet dilinde geçirilýär. Bellenen wagtda synaglara esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilmeýär.

Giriş synaglarynyň netijeleri boýunça magistr maksatnamasyna talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan saýlan taýýarlygynyň ugry boýunça 2 ýyl dan az bolmadyk iş döw ri bolanlar peýdalanýarlar.

S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetiniň salgysy:

Aşgabat ş., 2009 njy (Görogly) köçe, 143, tel.: 342746, 340777, 342564. 

Ýene-de okaň

Magistr-2024:Türkmen döwlet medeniýet instituty

Magistr-2024:Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty

Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebi-2024

Ata Watan Eserleri

S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebi-2024

Ata Watan Eserleri

Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebi-2024

 Balkan lukmançylyk orta okuw mekdebi-2024