Talyp-2024

Magistr-2024: Oguz han adyndaky Inžener -tehnologiýalar uniwersiteti

TÜRKMENISTANYŇ OGUZ HAN ADYNDAKY INŽENER-TEHNOLOGIÝALAR UNIWERSITETI2024/2025-nji okuw ýyly üçin magistr maksatnmasy boýunça taýýarlygyň «Pedagogika bilimi (tebigy we takyk ylmy ugurlara degişli dersleri okatmagyň usulyýeti)» ugruna talyplyga kabul edýär: 

Uniwersitete ýokary bilimden pes bolmadyk binýatda bilimi bolan Türkmenistanyň ra ýatlary giriş söhbetdeşlikleriniň netijele ri boýunça bäsleşik esasynda kabul edilýär. Okuwlar tölegli esasda alnyp barylýar.

Resmi iş kagyzlary welaýat merkezlerinde we Aşgabat şäherinde (Aşgabat we Arkadag şäherleri boýunça) 2024-nji ýylyň 15 — 28-nji iýu ly aralygynda kabul edilýär.

Resmi iş kagyzlarynyň sanawy: — bellenilen nusgada rektoryň adyna ýazylan arza;

bellenilen nusgadaky sowalnama (anketa);

ýokary bilim baradaky resminamanyň we goşundysynyň asyl nusgalary ýa-da tassyklanan göçürmeleri  (daşary ýurt döwletinde berlen ýokary bilim hakyndaky resminama onuň Türkmenistanda ykrar edilendigi baradaky şahadatnamasy goşulýar);

Türkmenis tanyň Saglygy gora ýyş we derman senagaty ministrligi tarapyndan bellenilen nusgadaky saglyk kepilnamasy; — soň ky okan ýerinden (işlän ýe rinden, harby bölümden) häsiýetnama;

3×4 sm ölçegdäki sekiz  sany fotosurat;

işleýänler üçin zähmet depderçesiniň  tassyklanan göçürmesi.  Bulardan başga-da, okuwa girmäge isleg bildirýänler ýokarda görke zilen resminamalar bilen birlikde  resminamalary kabul edýän iş toparyna aşakdakylary görkezýärler we nusgalaryny tabşyrýarlar: pasportyny;

harby şahadatnamasyny ýa-da ýazylyş şahadatnamasyny we ýaşaýan ýeri boýunça harby wekillikden güwähatyny.

Nädogry berlen maglumatlar we galp resmi iş kagyzlary üçin dalaşgär şahsy jogapkärçilik çekýär. Söhbetdeşlikler we okuwa kabul edilmek uni wersitetde (Aşgabat şäheri) 2024-nji ýylyň 6-7-nji awgustynda geçiril ýär.

Söhbetdeşlikler iňlis dili we matematika boýunça ýokary bilimiň okuw maksatnamasy esasynda iňlis we döw let dillerinde geçiril ýär.

Bellenen wagtda söhbetdeşliklere esassyz sebäplere görä gelmediklere goşmaça mümkinçilik berilme ýär. Söhbetdeşlikleriň ne tijele ri boýunça magistr maksatnamasyna talyplyga kabul edilmek üçin artykmaç hukukdan saýlan taýýarlygynyň ugry boýunça 2 ýyl dan az bolmadyk iş döw ri bolanlar peýdalanýarlar.

Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener -tehnologiýalar uniwersitetiniň salgysy:

Aşgabat ş., Köşi köçesi, 100, tel.: 391667.

Ýene-de okaň

Magistr-2024:Türkmen döwlet medeniýet instituty

Magistr-2024:Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty

Magistr-2024:S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersiteti

Türkmenabat lukmançylyk orta okuw mekdebi-2024

Ata Watan Eserleri

S.A.Nyýazow adyndaky Mary lukmançylyk orta okuw mekdebi-2024

Ata Watan Eserleri

Gurbansoltan eje adyndaky Daşoguz lukmançylyk orta okuw mekdebi-2024