SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Lýuksemburg — owadan mekan

Lýuksemburg döwleti dünýäde ösen döwletleriň hatarynda tanalýar. Bu döwlet dünýäde iň kiçi döwletleriň biri bolmagyna garamazdan, gözel ýerleriniň köpdügini hem aýratyn bellärliklidir. Onuň ajaýyp ýerlerine gezelenç etmek, onda dynç almak ähli adama lezzet paýlaýar diýip belläp geçsek, hakykatdan daş düşdügimiz bolmaz. Tutýan meýdany boýunça kiçi döwletleriň hataryna girýän Lýuksemburg dünýäde iň köp jahankeşdeleriň gelýän merkezi hasaplanýar. Lýuksemburga syýahat etmezden ozal geliň, ilki bilen bu ýurduň meşhur ýerleri bilen tanşalyň.

Lýuksemburg şäheri gezelenç etmek üçin ajaýyp syýahatçylyk merkezi hasaplanýan paýtagt şäher. Muzeýler, teatrlar we konsert zallary ýaly ynsanlaryň medeniýetli dynç almaklary üçin şertler sanardan köp. Paýtagt şäheriň ýene-de bir aýratynlygy köp dilli, köp medeniýetliligidir. Lýuksemburg şäheriniň çäginde we oňa golaý ýerleşýän obalarda jemi 170-e golaý millete gabat gelmek bolýar diýip, syýahatçylar we jahankeşdeler belleýärler.

Şäher taryhy ýadygärlikleri we häzirki zaman binagärligi özünde jemleýär. Köne şäher Lýuksemburg we onuň çäginde ýerleşýän ajaýyp gala köpden bäri ÝUNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň bir bölegi bolup durýar. Gadymy we häzirki zaman binagärlik sungaty özünde jemleýän bu ajaýyp şähere syýahatçylar «Lýuksemburg kökleri bolan häzirki zaman şäherdir» — diýip, belleýärler.

Şäheriň üçden biri bölegine golaý ýer owadan abadanlaşdyrylan ýaşyl giňişliklerden ybaratdyr. Paýtagtyň içinden geçýän köp sanly seýilgähler we baglar ýakymly ýaşyl guşaklyklar emele getirýär we şäher durmuşyny ýokary hilli üpjün edýär.

Ardennes tebigatda seýil etmek üçin dag-dereleri, baýyrdyr jülgeleri özünde jemleýän ajaýyp merkez.  Onda gezelenç ýodalarynda welosipedli arassa howada seýil etmek her bir ynsanda ýakymly täsir galdyrýar. Bu ajaýyp künjek ýurduň demirgazygynda ýerleşýär. Ardennes sebitinde orta asyr taryhyny beýan edýän goralýan we täzeden dikeldilen galalary taparsyňyz.

Her bir döwlete ilkinji gezek baranyňda aýlanmak üçin islendik wagt hem tapylýar. Emma Lýuksemburga baranyňda nirede galmaly? Myhmanhanalaryň haýsysy has amatly? — diýen ýaly birnäçe sorag ýüze çykýar.

Eger-de siz naýbaşy myhmanhanalarda galmak isleseňiz Lýuksemburg şäheriniň gözel künjeklerinde ýerleşýän myhmanhanalarda galyp bilersiňiz. Emma siz amatly bahadan galmak üçin ýer gözleýän bolsaňyz awtoulag öýleri size iň amatly ýerleriň biri bolup biler. Lýuksemburgdaky awtoulag öýleri iň oňat ýerlerde, ýöne esasy ýollaryň ugrunda ýerleşip, açyk meýdanlarda dynç almaga we ýurduň tebigy we medeni dürlüligini aňsat öwrenmäge mümkinçilik berýär. Bu awtoulag öýlerinde siz amatly bahada galyp, dynç alyp bilersiňiz. Olaryň islendik ýere eltip, şol ýerde hem dynç almak üçin hem şertler bar.

Ýene-de okaň

«S7» awiakompaniýasy: Aşgabatdan Nowosibirskä uçar gatnawyny ýola goýmagy meýilleşdirýär

Türkiýäniň syýahatçylyk pudagy 2025-nji ýylyň üçünji çärýegini iň ýokary girdeji bilen jemleýär

«Forbes» Kappadokiýadaky Ortahisary dünýäniň iň owadan obalaryñ biri hökmünde sanawa goşdy

Ata Watan Eserleri

Türkiýänıň syýahatçylyk pudagynyň gämi gezelenç ugry boýunça görkezijisi iň ýokary derejä ýetdi

Ata Watan Eserleri

«Türkmenistan» awiakompaniýasy: halkara howa gatnawlaryň tertibini täzeleýär

Özbegistanyň 14 farmasewtika kärhanasy Türkmenistanda öz önümlerini görkezdi