SPORT

“Liwerpul” kubok ýaryşyndan çykdy

Angliýanyň Kubogyny (FA Cup) gazanmak ugrundaky ýaryşynyň 1/16 tapgyrynda “Mançester Ýunaýted” futbol topary “Old Trafford” stadionynda “Liwerpul” toparyny kabul etdi. Duşuşygyň 18-nji minutynda myhman toparyň düzüminde çykyş edýän Mohamed Salah hasaby açmagy başardy. Ýer eýeleri hem geçirilen goldan ruhdan düşmediler we oýunyň 26-njy minutynda Grinwud hasaby deňledi. Şeýlelik bilen birinji ýarym deňme-deň hasabynda tamamlandy. Garaz birinji ýarymyň jemi boýunça aýdanymyzda, bu iki güýçli topar ikinji ýarymda teleýaýlym arkaly tomaşa edýän tomaşaçylara gyzykly oýun boljakdygyny görkezdiler. Ikinji ýarymda bolsa 48-nji minutda Reşford toparyny öňe çykardy, 58-nji minutda bolsa ýene-de Salah toparyna deňme-deňligini getirdi.

Ikinji ýarymyň dowamynda meýdança çykan “Mançester Ýunaýted” toparyň portugaliýaly ýarymgoragçysy Brunu Fernandeş ussatlyk bilen jerime urgusyny peýdalanyp, toparyny öňe çykarmakda uly goşandyny goşdy. Şeýlelik bilen 3:2 hasaby bilen “Mançester Ýunaýted” futbol topary “Liwerpul” toparyny ýeňip, ýaryşyň 1/8 tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazandy. “Liwerpul” topary bolsa indiki möwsüme çenli ýaryşy tamamlady.

Statiska göz gezdirenimizde, tälimçi Sulşer “Mançester Ýunaýted” toparynyň tälimçilik wezipesine belleneninden soňra ilkinji gezek “Liwerpul” toparyny ýeňmegi başardy. Ýurgen Kloppyň tälim berýän “Liwerpul” topary bolsa soňky 7 duşuşygyň birinde ýeňiş gazanmagy başarypdyr.

Angliýanyň kubok ýaryşynyň 1/8 tapgyry 9-11-nji fewral aýynda geçiriler we toparlar şu tertip boýunça duşuşyklaryny geçirer:

“Börnli – Bornmut/ “Krouli” (“Börnli” toparyň garşydaşy “Bornmut – Krouli” arasyndaky geçiriljek duşuşygyň jemi boýunça belli bolar)

“Mançester Ýunaýted – West Hem”

“Şeffild Ýunaýted – Bristol Siti”

“Wulwerhempton – Sautgempton”

“Barnsli – Çelsi”

“Ewerton – Uikom/Tottenhem” (“Ewerton” toparyň garşydaşy hem “Uikom – Tottenhem” arasyndaky geçiriljek duşuşygyň jemi boýunça belli bolar)

“Suonsi – Mançester Siti”

“Lester – Braýton”

 

Bilim Sahypamyz

Ylym we bilim baradaky habarlar, şeýle hem ýurdumyzda we daşary ýurtlarda bilim almak bilen baglanyşykly täzelikleri we maglumatlary bu sahypamyzdan tapyp bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri

Tramp Messi bilen duşuşdy: “Belki Peleden has gowusyň?”

Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Meksikanyň Prezidentine meksikaly gyzjagaz wekilçilik eder