SPORT

“Liwerpul” haçan çempion bolar? Bassyr 18-nji ýeňşi

Angliýanyň “Premier Liga” milli futbol çempionatynda üstümizdäki ýylda çempionyň ady kem-kemden belli bolmaga başlady. Ýurgen Kloppyň tälim berýän “Liwerpul” topary milli çempionatda bassyr 18-nji ýeňşini baýram edip, ýene-de 2 rekordy gaýtaladylar. Toparyň eýýäm utulman gelýän oýunlarynyň sany 44 duşuşyga çykdy. Çempionlyk üçin 4 duşuşyk galdy.

Bu gezek “Liwerpul” topary “West Hem” toparyny 3:2 hasabynda ýeňdi. “West Hem” topary ýeňmek üçin gowy oýun görkezip, 1:0 hasabynda utulýandygyna garamazdan, hasaby 2:1-e hem getirdi. Ýöne liwerpullylar muňa ýol bermediler. Toparyň düzümindäki iki güýçli hüjümçiler Salahyň we Maneniň gollary bilen nobatdaky ýeňşini baýram etdiler.

Eger “Liwerpul” hem-de “Maçester Siti” toparlary ähli duşuşyklarda ýeňiş gazanan halatynda-da “Liwerpul” 21-nji martda çempion bolar.

Çempionatda ikinji orunda barýan “Mançester Siti” toparynyň öňde kyn duşuşyklary bar. Şol duşuşyklarda bu topar bal ýitiren halatynda “Liwerpul” ýeňişli menzillerini dowam etdirip,  21-nji martdan öň hem çempionlygyny mälim edip biler.

Çempionatda «Liwerpulyň» çempion boljakdygy mälim. Ýöne muny has ir amala aşyrmagy babatda çaklamalar edilýär.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi