SPORT

“Liwerpul” 30 ýyllyk çempion bolmak arzuwyna golaýlady

Angliýanyň “Premýer ligasynyň” 31-nji tapgyrynda “Liwerpul” öz meýdançasynda “Kristal Pelas” toparyny kabul etdi. Oýunda howply pursatlar kän boldy. “Liwerpul” özüniň ynamly çempionlyk ýoluna barýanlygyny subut etdi. Duşuşyk 4-0 hasaby bilen “Liwerpul” üstünligi bilen tapawutlandy. “Liwerpulyň” düzüminde 23-nji minutda Trent Aleksandr-Arnold, 44-nji minutda Salah, 55-nji minutda Fabinýo we 69-njy minutda Mane tapawutlandylar. Salahyň geçiren goly, “Liwerpul” toparynyň bu möwsümde 100-nji goly boldy.

“Geçen möwsüm hem toparymyz örän ýokary netije görkezdi, emma “Mançester Siti” çempion bolmagy hem başardy. “Premýer ligany” gazanmak üçin iki utuk galdy. Bu topara gelenimden bäri, “Premýer ligany” gazanmak islegim örän uly we şäherimiz bu waka köp garaşmazlar we häzirki wagtda çempion bolmak wagtymyz geldi”-diýip müsürli oýunçy Salah belleýär.

Geçen möwsümde Angliýanyň “Premýer liga” çempionatynda “Liwerpul” bilen “Mançester Siti” toparlarynyň arasynda çekeleşikli ýagdaý ýüze çykdy. “Mançester Siti” çempionatda 98 utuk gazanyp, çempion bolmagy başardy, “Liwerpul” bolsa 97 utuk bilen çempionaty ikinji orunda tamamlady.

“Liwerpul” soňky gezek 30 ýyl mundan ozal, 1989/1990-njy ýyllarda şotlandiýaly Kenni Dalglişiň tälim bermeginde çempion bolmagy başarypdy.

Ýene-de okaň

Gruziýa gyşky Olimpiýa oýunlarynyň taryhynda ilkinji medalyny gazandy

Ata Watan Eserleri

Ronaldo “Al-Nasr” bilen meýdança çykdy we gol geçirdi

Gazagystan 32 ýyldan soňra ýene-de altyn Olimpiýa medalyny gazandy

“Arkadag” – “Al-Nassr”: bahreýnli eminler topary eminlik eder

Ata Watan Eserleri

Ronaldo we “Al-Nasr” toparyndaky ýagdaý

«Arkadag» futbol topary ýaş türkmen türgenleri bilen duşuşdy

Ata Watan Eserleri