Häzirki wagtda ABŞ-nyň “Inter Maýami” toparynyň düzüminde çykyş edýän argentin ýyldyzy Lionel Messi täze topary bilen 2-nji duşuşygynda oýnady. Ol “Leagues Cup” ýaryşynyň çäklerinde “Inter Maýami” bilen “Atlanta Ýunaýted” toparynyň duşuşygynda 2 gezek tapawutlandy.
Messiniň toparyň kapitany bolup, çykyş eden duşuşygynda garşydaşy topary 4:0 hasabynda utdular. Şeýlelikde, “Atlanta Ýunaýted” topary Messiniň derwezesinden pökgi geçiren 100-nji topar boldy.
Mälim bolşy ýaly, Messi 22-nji iýulda “Inter Maýami” toparynyň düzüminde ilkinji oýnuny oýnap, ilkinji goluny geçiripdi. Bu duşuşygy 12,5 million tomaşa mawy ekrandan tomaşa edipdi, bu hem ABŞ-nyň taryhynda rekord bolupdy. Adata, ABŞ-da köplenç basketbol duşuşyklary has köp tomaşa edilýär.
Messiniň ilkinji duşuşygyny stadiondan tomaşa etmek üçin Lebron Jeýms, Serena Uilýams ýaly meşhur amerikan türgenleri bilen bir hatarda Kim Kardaşýan hem gelipdi.
