SPORT

Lewandowski – FIFA boýunça iň gowy futbolçy

Halkara futbol federasiýasy (FIFA) Germaniýanyň “Bawariýa” toparynyň polşaly futbolçysy Robert Lewandowskini 2021-nji ýyl boýunça iň gowy futbolçy diýen baýraga mynasyp gördi.

Polşaly futbolçy bu baýragy gazanmak babatda “PSŽ” toparynyň argentinaly ýyldyzy Lionel Messiden hem-de “Liwerpul” toparynyň müsürli futbolçysy Mohammed Salahdan öňe saýlandy.

Sýurih şäherindäki FIFA-nyň ştab-kwartirasynda baýrak gowşurylyş dabarasy geçirildi. Dabara FIFA-nyň ýolbaşçysy Janni Infantino, alypbaryjylar, we beýleki myhmanlar gatnaşdy. Robert Lewandowski bu dabara sanly ulgam arkaly gatnaşdy.

Ýöne bu hem polşaly futbolça göni ýaýlymda arzyly baýragyny gazanmagyna päsgelçilik berip bilmedi.

FIFA bassyr ikinji ýyldan bäri Lewandowskini “Ýylyň iň gowy futbolçysy” yglan edýär.

– Sylag hem-de gutlaglar üçin minnetdar. Şeýle baýragy gazanmak meniň üçin abraý. Men häzir özümi bagtly duýýaryn. Şol bir wagtda bu baýrag meniň topar ýoldaşlaryna hem-de tälimçilerine hem degişlidir. Bu baýragy gazanmak üçin biziň hemmämiz bilelikde zähmet çekdik – diýip, “Bawariýa” toparynyň polşaly futbolçysy Robert Lewandowski belläp geçdi.

FIFA tarapyndan berilýän “Ýylyň iň gowy futbolçysy” baýragynyň ýeňijisi žurnalistleriň, milli ýygyndylaryň tälimçileri we kapitanlarynyň ses bermegine mälim edilýär. Ses berlişikde Lewandowksi 48 utuk, Messi 44 utuk, Salah bolsa 39 utuk aldy.

Halkara futbol federasiýasy bu baýragy 1991-nji ýyldan bäri gowşuryp gelýär. 2010-2015-nji ýyllarda bu baýrak “France Football” neşiri bilen bilelikde “Altyn pökgi” baýragy bilen bilelikde gowşuryldy. 2016-njy ýyldan soňra aýry-aýrylykda gowşurylyp başlandy.
33 ýaşyndaky Lewandowski şu möwsümde 27 duşuşykda 34 gol geçirdi. Ol 2021-nji ýylda bir möwsümde Germaniýanyň çempionatynda iň köp gol geçirmek babatda Gerd Mulleriň rekordyny täzeledi.
BEÝLEKI BAÝRAKLAR
“Iň gowy zenan futbolçy” – “Barselona” toparynyň futbolçysy Aleksiýa Putelýas.

“Iň gowy derwezeban” – “Çelsi” toparynyň derwezebany Eduar Mendi.

“Iň gowy zenan derwezeban” – Endler.

“Iň gowy tälimçi” – “Çelsi” toparynyň tälimçisi Tomas Tuhel.

“Iň gowy zenan tälimçi” – “Çelsi” toparynyň tälimçisi Emma Heýz.

Ferens Puşkaşyň adyny göterýän “Iň owadan gol” baýragyny “Sewilýa” toparynyň ýarymgoragçysy Erik Lamela aldy. Ol 2021-nji ýylyň 14-nji martynda Angliýanyň “Tottenhem” toparynyň düzüminde çykyş edýän döwründe “Arsenal” toparynyň derwezesine geçiren ajaýyp goly üçin bu baýraga mynasyp boldy.

 

Özbegistanyň Prezidenti wise-premýer S. Berdimuhamedowy kabul etdi

Ýene-de okaň

Ronaldo: “Barselona” toparyna gidip bilerdim

Türkmenistanyň futbol çempionaty – 2024 sanlarda

Ýewropanyň çempiony “Galatasaraý” toparynda oýnar

Gawi 2030-njy ýyla çenli “Barselonada” galar

Çempionlar Ligasynda pleý-off tapgyry: “Mançester Siti”- “Real Madrid”

Ata Watan Eserleri

Ronaldodan ýene-de bir rekord

Ata Watan Eserleri