SPORT

Lempard täzeden “Çelsä” dolanyp geldi

Frenk Lempard Angliýanyň “Çelsi” toparynyň tälimçisi wezipesine wagtlaýyn bellendi. Ol möwsümiň ahyryna çenli topara tälim berer.

Mälim bolşy ýaly, golaýda iňlis topary tälimçisi Grem Potteri wezipesinden boşadypdy. 44 ýaşyndaky Lempard ozal hem bu topara tälim berdi. Şu toparda futbol oýnap, uly şöhrata eýe bolan Frenk Lempard 2019-2021-nji ýyllda bu topara tälim beripdi.

Lempard iňlis toparlaryndan “Ewertonyň” hem tälimçisi boldy. Bu toparda 1 ýyl işledi. 2018-19-njy möwsümde “Derbi Kaunti” toparynyň tälimçisi bolupdy.

Lempard 2001-2014-nji ýyllarda “Çelsi” toparynyň düzüminde futbolçy hökmünde çykyş edip, köp sanly kuboklaryň eýesi boldy. Şeýle hem Lempard “West Hem”, “Mançester Siti” we “Nýu-Ýork Siti” toparlarynda hem futbol oýnady.

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi