Germaniýanyň Superkubogyny gazanmak ugrundaky duşuşykda geçen ýylyň çempiony “Bawariýa” topary bilen “Leipsig” topary duşuşdy. Marko Rozeniň tälimçiligindäki “Leipsig” topary garşydaşyny 3:0 hasabynda utdy.
Şeýlelikde, “Leýpsig” topary ilkinji gezek Germaniýanyň Superkubogyny gazandy. 14 ýyl mundan ozal döredilen topar üçin bu 3-nji arzyly kubogy boldy.
Mundan ozal, bu topar 2 gezek Germaniýanyň kubogyny gazanypdy.
Öz gezeginde Germaniýanyň ägirdi “Bawariýa” topary soňky 4 ýylda ilkinji gezek Germaniýanyň Superkubogy duşuşygynda ýeňlişe sezewar boldy.
“Bawariýa” toparynyň düzümine täze goşan iňlis hüjümçisi Harri Keýn hem bu duşuşykda oýnady.
