JEMGYÝET

Lebapdaky mugallymçylyk instituty Türkmenistanyň ähli ýerlerinde ýaşaýan ýaşlary okuwa kabul eder

Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk instituty öňümizde duran okuw ýylyndan başlap, diňe bir Lebap, Mary we Daşoguz welaýatlarynda doglan ýaşlary däl, eýsem, ýurduň Ahal we Balkan welaýatlarynda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde doglan we ýaşaýan ýaşlara hem mugallymçylyk boýunça bilim berip başlar. Bu barada “Jeyhun news” internet neşiri habar berýär.

Bu barada 2024-nji ýylda Türkmenistanyň ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine okuwa kabul etmegiň «Türkmenistan» gazetinde çap edilen Tertibinde habar berilýär.

Dalaşgärlerden resmi kagyzlar ýurduň ähli welaýatlarynda we Aşgabat şäherinde kabul eder. Aşgabat hem-de Arkadag şäherlerinden bolan dalaşgärler resminamalaryny Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynda tabşyryp bilerler.

Resminamalary kabul edişlik 15-nji iýulda başlanyp, 28-nji iýulda tamamlanar. 31-nji iýuldan 17-nji awgusta çenli aralykda bolsa giriş synaglary geçiriler. Ähli welaýatlardan bolan dalaşgärler giriş synaglary üçin Türkmenabat şäherine gelmeli bolar.

Täze okuw ýylyndan başlap, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk institutynda ýaşlara berilýän hünäriň sany 19-a çykar. Ozal hem habar berşimiz ýaly, täze okuw ýylyndan olaryň hataryna defektologiýa hünäri hem giriziler.

 

Talyp-2024: Seýitnazar Seýdi adyndaky türkmen döwlet mugallymçylyk instituty

Ýene-de okaň

Türkmenistanda saýlawlar boýunça ses bermek tamamlandy

Ata Watan Eserleri

Russiýanyň “Ozon” internet söwda platformasy Türkmenistanyň bazaryna çykdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Çagalar – parahat we abadan durmuşa mynasypdyr!

Türkmenistanda saýlawlar geçirilýär

Narine Saakýan we Jalpa Ratna Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglandy

Oguljahan Atabaýewa: haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna näsag çagalara 758 operasiýa geçirildi