JEMGYÝET

Las-Wegasdaky çekirtge galasy

Tomsuň gyzgyn günleri her ýere bir hili täsir edýär. NBC teleýaýlymynyň habar bermegine görä, ABŞ-nyň Las-Wegas Ştatyna gyzgyn günler çekirtgeleriň uly sürüsi bilen geldi. Ştatyň ýaşaýjylary her gün agşam çekirtge galasyna tomaşa edýärler diýip, teleýaýlym habar berýär.

Entomolog Žeff Naýtyň sözlerine görä, şäherde çekirtgeleriň beýle köpelmeginiň esasy sebäbi gyzgyn howa şertleridir. Olaryň sany gündizlerine oňuşmazça-da däl, ýöne gijelerine welin her ädimden onlarça çekirtgäni taparsyň.

Ýakynda şeýle ýagdaý döwletiň Newada Ştatynda hem gabat gelipdir. Elbetde, çekirtgeleriň galasy wagtlaýyn, ýöne bu bökjekläp ýören möjejikler gysga wagtda oba hojalygyna uly zeper ýetirip bilýärler.

Related posts

Galamym

vepa

Dragon Oil’den Türkmenistan’a 6,4 milyar dolarlık yatırım

vepa

Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Türkmenistana geldi

vepa