JEMGYÝET

Kilimanjoranyň «enesi»

Enn Lorimer atly ABŞ-ly 89 ýaşly zenan Afrikanyň iň belent nokady bolan Kilimanjora dagyna çykyp, dünýä rekordyny täzeledi.

Bu rekord barada dünýä metbugatynda berilýän habarlara görä, Enn Lorimer birnäçe ýyl mundan ozal bu daga çykyp bilen iň ýaşuly zenan derejesiniň eýesi eken. Soňa onuň rekordyny başga bir zenan döwüpdir. Has soňrak bolsa başga bir erkek kişi dagyň depesine çykyp, bu sepgide ýetip bilen iň ýaşuly adam hökmünde rekordy täzeläpdir. Rekordlar yzly-yzyna täzelener-de, Enn ene arkaýyn oturyp bilermi?!

«Ýöne ýaýdanynymy, käbir ýerde gorkanymy hem boýnuma almak gerek» diýip, rekordçy ene gürrüň berýär. «Çünki daga dyrmaşmazdan birnäçe gün öň ýykylypdym, bedenimde şikes bardy. Dem almagam kyndy. Beýiklikde kislorodyň azdygyny bilýärin. Meni şol gorkuzdy».

Ýöne Kilimanjoranyň beýikligi hem, kislorodyň azlygy hem rekordçy enänäni maksadyndan dänderip bilmedi. Şeýlelikde, ol täze rekordyň eýesi. Enn Lorimeriň aýtmagyna görä, ABŞ-dan Afrika gidip-gelmek we daga çykmak üçin 9 gün ýeterlik.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň Prezidenti Donald Trampy gutlady

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum Lider Aýatolla Hameneýiniň matam çäresine gatnaşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Yslam Şurasynyň Mejlisiniň Başlygy bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri Eýranyň Prezidenti bilen duşuşdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri merhum ruhy Lider Aýatolla Hameneýi üçin guralýan çäre gatnaşýar

Ata Watan Eserleri

ABŞ-nyň Garaşsyzlygynyň 250 ýyllygy Aşgabatda bellendi