JEMGYÝET

Türkmen wekiliýeti 5-nji Global habarlar forumynyň işine gatnaşdy

2019-njy ýylyň 29-31-nji iýuly aralygynda türkmen wekiliýeti Stambul şäherinde geçirilýän Aziýa-Ýuwaş Umman teleradiogepleşikler birleşigi (ABU) bilen Türkiýe Respublikasynyň Döwlet Radio we Telewideniýe guramasy (TRT) tarapyndan gurnalýan 5-nji Global habarlar forumynyň işine gatnaşdy.

Bu foruma gatnaşyjylar möhüm meseleleriň birnäçesi boýunça pikir alyşdylar, hususan-da, dünýäde halkara köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň işini ara alyp maslahatlaşdylar.

TRT-nyň Baş direktory Ibrahim Eren forumyň açylyş dabarasynda eden çykyşynda “Häzirki wagtda dünýäde media esasy wajyp meseleleriniň biridir. Çünki köpsanly habar beriş çeşmeleri bar, şol sanda sosial medianyň üsti bilen birnäçe habarlar okalýar. Halkara derejede “fake news” diýip atlandyrylýan, ýalan habarlar şu günler örän köp gabat gelýär. Bu bolsa, döwlet habar beriş serişdeleriniň işgärleriniň jogapkärçiliklerini has hem artdyrýar”, diýip belledi.

Maslahatyň dowamynda gatnaşyjylaryň Žurnalistikanyň dürli ugurlary boýunça özara tejribeleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem häzirki zaman habar beriş ulgamynda köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň orny hem-de olary dolandyrmagyň ýörelgeleri, şeýle hem sanly habar beriş ulgamyna geçilende telewideniýäniň we radionyň, göni ýaýlymda habar beriş serişdeleriniň hem-de beýlekileriň eýeleýän orny ýaly meseleler beýan edildi.

Ýene-de okaň

Türkmenistan-Özbegistan Ýokary Geňeşini döretmek meýilleşdirilýär

Türkmen halkynyň Milli Lideri Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň Prezidenti Özbegistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Türkmenistanyň ilçisi Maldiw Respublikasynyň Prezidentine ynanç hatyny gowşurdy

Türkmenistan BMG-niň Howpsuzlyk Geňeşiniň hemişelik däl agzalygyna dalaşgärligini hödürledi

Türkmenistanyň Prezidenti Müsür Arap Respublikasynyň Prezidentini gutlady