SIZDEN GELENLER

Küýzeler jülgesi

“Küýzeler jülgesi” – taryhy we arheologiki ýadygärlikler tolumy bolup, ol Laosda ýerleşýär. Küýzeleriň ululygy 0,5-3 metr aralygynda bolup, agramy 6000 kilograma, ýaşy bolsa 1500-2000 ýyl töweregidir. Daşky görnüşi boýunça gönüburçly, tegelek hem-de gapak şekillidir. Häzirki wagtda ony UNESKO-nyň Bütindünýä mirasynyň sanawyna goşmaklyk boýunça meselelere seredilýär. Bu jülgäniň ep-esli bölegi jahankeşdeler üçin elýeterli däl. Arheologlaryň pikirine görä, bu küýzeler 1500-2000 ýyl ozal günorta-gündogar Aziýada ýaşan, medeniýeti henizem näbelli bolup galan gadymy halklar tarapyndan ulanylypdyr, şeýle hem, bu küýzeler iýmit hem-de suw saklamak üçin ulanylandygy, söwda kerwenleri tarapyndan ulanylan ýagyş suwlaryny ýygnandygy hem çaklanylýar. Ol hakynda ýerli halkyň arasynda dürli rowaýatlar hem bar. Ilkinji arheologiki gözlegler 1930-njy ýyllarda geçirilip, küýzeleriň köp bölegi taryhda bolan uruşlar netijesinde weýran bolupdyr. Geçirilýän gözlegler dürli sebäpler we howp sebäpli çäklendirildi. Bu jülgede 60-dan gowak küýzeli meýdançalar bolup, her meýdançada bar bolan 250-den gowrak küýzeler  bir çyzyk boýunça uzalyp giýär. Şuňa meňzeş tapyndylar Taýlandda we Hindistanyň demirgazygynda hem tapyldy.

Laçyn Rozyýewa,

Türkmen oba hojalyk institutynyň talyby

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

Bagtyýar çagalar-geljegiň nury

Bilim – üstünligiň binýady

Ata Watan Eserleri

Arkadagyň ýoly — parahatçylygyň we ynanyşmagyň ýoly

Salamlaşmak edebi – özboluşly sungat

Ata Watan Eserleri

Döwrüň öçmez çyragy — söz ussady Pyragy

Ylymlaryň şasy – matematika