TEHNOLOGIÝA

Kosmosdaky zibiller arassalanar

Ýewropa orbitadaky kosmos zibillerini arassalamagy göz öňünde tutýar. Munuň üçin 102 million dollar sarp ediler.

Ýewropanyň Kosmos agentligi Şweýsariýanyň “ClearSpace SA” kompaniýasy bilen bu ugurda degişli şertnama baglaşdy. Şweýsar kompaniýasy älem giňişligindäki zibilleri Ýer ýüzüne getirer.

“ClearSpace SA” bilen baglaşylan şertnama laýyklykda, 2025-nji ýylda Ýeriň orbitasyndaky zibilleri arassalamak işine girişiler. Ýörite kosmos enjamy bilen emeli hemralary älem giňişligine çykarýan raketalaryň galyndylaryny ýygnap alar. Bilermenler köpden bäri, Ýeriň daşyndan aýlanýan dürli galyndylaryň emeli hemralara we Halkara kosmos bekedine howp döredýändigini belläp geçýärler.

Häzirki wagtda alymlaryň birnäçe topary bu meseläni çözmegiň üstünde işleýär. Ilki bilen, orbitadan takmynan 112 kilograma barabar galyndylary aýyrmak meýilleşdirilýärler.

 

Dünýä Sahypamyz

Dünýäde bolup geçýän wakalardan habarly bolmak-bu döwrüň talaby!

 

Ýene-de okaň

“Apple” täze “iPhone 17” we “17 Pro”-ny tanyşdyrdy

Amerikada hususy pudakdan emeli aň sowatlylygy we bilimi üçin milliardlarça dollarlyk goldaw

Aşgabatda sowadyjyly täze awtobuslar ýolagçylara hyzmat eder

Gazagystanda emeli aň boýunça ministrlik dörediler

Şweýsariýa öz emeli intellekt modelini hödürledi

NASA: ABŞ 2030-njy ýyllaryň başynda adamları Marsa ibermegi meýilleşdirýär