SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Koronowirus: iň köp sanjym nirede uruldy?

Mälim bolşy ýaly, 2021-nji ýyl hoş habarlar bilen başlady. Dünýä döwletleriniň ençemesinde koronowirus pandemiýasyna garşy sanjymlar geçirilip başlandy. Sanjymlar bilen stastistiki edaralar tarapyndan olaryň hasabatlary hem ýöredilmäge başlandy.

5-nji ýanwardaky maglumatlara görä, häzir iň köp adamy sanjym eden döwletleriň sanawynda Hytaý Halk Respublikasy birinji orny eýeleýär. Häzire çenli hytaýlylaryň 4,5 millionyna ýakynyna koronowirus sanjymlary uruldy. Ikinji orny bolsa 2,8 million adam bilen ABŞ eýeleýär. Ilkinji üçlügi ilatynyň 1,1 millionyna sanjym uran Ysraýyl jemleýär. Şeýle hem öňdebaryjylaryň hatarynda Beýik Britaniýa, Russiýa, Germaniýa, Italiýa, Kanada, Bahreýn ýaly döwletler bar.

Göterim möçberinde düzülen sanawyň başyny bolsa Ysraýyl çekýär. Deslapky maglumatlara görä, her 100 ysraýyllynyň 12-sine sanjym urlupdyr. Ilkinji üçlükde Bahreýn (3,57) bilen Islandiýa (1,43) bar. 

 

Umumy Sahypamyz

Siz bu sahypada gündelik syýasata degişli habarlary okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

German lukmanlary Türkmenistanda iş saparynda bolýarlar

Türkmenistan Bütindünýä saglyk gününi sport çäreleri bilen bellär

Özbegistanda syýahatçylyk çalt ösýär: täze strategiýa ykdysady ösüşi güýçlendirýär

Türkmenistanda “Turkmentravel-2026” atly halkara syýahatçylyk sergisi geçiriler

Alanýa sizi ultra trail halkara marafona çagyrýar

«ITB BERLIN – 2026» halkara sergisinde Türkmenistanyň syýahatçylyk mümkinçilikleri tanyşdyryldy