BIZNES

Koreý kompaniýalary Türkmenistandaky infrastruktura taslamalaryna gatnaşmak isleýär

Aşgabada resmi sapar bilen gelen Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Pak Çžin Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Baýmyrat Annamämmedow bilen duşuşdy. Bu barada Koreýa Respublikasynyň daşary syýasat edarasynyň resmi saýty habar berýär.

Duşuşyk “Daewoo Engineering & Construction” koreý kompaniýasynyň Aşgabat şahamçasynyň açylyş dabarasynda geçirildi.

Duşuşygyň barşynda türkmen tarapy koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanyň ykdysadyýetine goşýan goşandyna ýokary baha berdi. Hususan-da, Koreýanyň kompaniýalarynyň “Galkynyş” gaz känini özleşdirmegiň çäklerinde kükürdi arassalaýy’ desgasynyň, Gyýanlydaky gazhimiýa zawodynyň gurluşygyna gatnaşandygy bellenildi.

Türkmen tarapy iki ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygyň energetika we infrastrukturalar pudaklarynda geljekde-de dowam etdiriljekdigine ynam bildirdi.

Öz gezeginde Koreýa Respublikasynyň daşary işler ministri Pak Çžin koreý kompaniýalarynyň dökün önümçilik desgalarynyň gurluşygy, suwuklandyrylan tebigy gaz kuwwatlyklarynyň döredilmegi we beýleki taslamalara gatnaşmaga gyzyklanma bildirýändigini belledi.

Pak Çžin koreý kompaniýalarynyň Türkmenistanyň bazaryndaky orunlaryny pugtalandyrmaga goldaw bermäge taýýardygyny belläp, 2030-njy ýylda geçiriljek EKSPO Bütindünýä sergisine Pusan şäheriniň hem dalaşgär bolandygy barada gürrüň berdi.

Ýene-de okaň

Aşgabat-Daşoguz awtomobil ýolunyň durky täzelener

Türkmenistandan üstaşyr geçirilen ýükleriň möçberi 7 mln. tonnadan geçdi

Türkmenistan 2025-nji ýylda azyk önümleriniň eksportyny artdyrdy

“Aýdyň Gijeler” önümlerini Afrikadan soňra Arap ýurtlaryna hödürleýär

Türkmen-kuweýt işewürlik hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Bangkokda türkmen-tailand hyzmatdaşlygynyň mümkinçilikleri maslahatlaşyldy