Bahar paslynyň gelmegi bilen Gün nuruna eýlenen täsin tebigat has-da gözel görnüşe girýär. Garlary eredip, bulaklary döreden bahar pasly öz gözelligini äleme çaýýar. Daş-töwerek ýaşyl begrese bürenip, daragtlar pyntyk ýaryp, gül-gunçalar lälezarlyga öwrülýär. Meýdanlarda, sährada, gumluk ýerlerde bahar paslynyň gelenini buşlaýan kömelek bary hem güberip çykýar. Ýaz nygmaty bolan kömelegiň üýtgeşik tagamynyň bolşy ýaly, onuň düzüminde adam bedeni üçin peýdaly bolan beloklar, mineral duzlar, fosfor turşusy, A,В,С, РР witaminleri bardyr. Şeýle-de kömelegiň düzüminde adam bedeninde siňmesi kyn bolan beloklar bolup, şol sebäpli hem haýal özleşýär. Bular barada Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty ministrliginiň Saglygy goraýşyň habarlar merkeziniň bölüm müdiri Abadan Berdiýewanyň “Türkmenistan” gazetinde çap edilen makalasynda bellenilip geçilýär.
Meýdan kömeleginiň dürli görnüşinden iýilýän we iýilmeýän kömelekleri nähili saýlamaly? Zäherli kömeleklere mahsus bolan aýratynlyklar bar, ýagny şeýle kömelegiň taýajygy inçeden uzyn, telpejikleri ýukarak bolýar. Telpejikleriniň aşagyndaky gasynlar biri-birinden daşrak we ýazgyn ýagdaýda, reňki sary, gyzyl, açyk bolýar. Meýdanda kömelek çöplenende, örän ünsli bolmaly. Kömelekleriň görnüşleri saýlanyp bilinmedik ýagdaýynda ýa-da olaryň çöplenýän ýerleriniň ekologiýa taýdan arassa bolmazlygy bedeni zäherläp biler. Zäherleýji maddalar diňe zäherli kömeleklerde bolman, eýsem, iýilýän kömelekleriň hem käbir görnüşinde az mukdarda saklanýar. Şeýle-de bu ösümlik toprakdan we howadan dürli maddalary sorup almaga ukyply. Şonuň üçin kömelegi täzeligine iýmäge çalşyň, sebäbi ol çalt zaýalanýar.
Kömelekleri akyp duran suwuň astynda ýeke-ýekeden gowy edip ýuwmaly. Soňra bişirmezden öň bir gezek gaýnadyp, suwuny dökmeli. Gara ýollaryň, demir ýollaryň gyrasynda biten kömelekleriň hem edil zäherli kömelekler ýaly, saglyga howp salýandygyny ýatda saklamaly. Iň howply zäherlenme kömelek zäherlenmesidir. Kömelek zäherlenmesine iki ýagdaý sebäp bolup bilýär: zäherli kömelegiň iýilmegi we iýilýän kömelegiň nädogry taýýarlanmagy. Kömelekde zäherlenmäniň ilkinji alamatlary birnäçe sagat geçenden soňra ýüze çykyp başlaýar. Ilki bilen, garyn boşlugynda güýçli agyry, gaýtarmak we içgeçme peýda bolýar. Şeýle alamatlar ýüze çykanda, hökman lukmana ýüz tutmaly. Eger-de, lukmana ýüz tutman, derdi ötüşdirilse, onda zäherlenen adam ysgyndan gaçyp, güýçli derläp, agyz boşlugynda köp mukdarda tüýkülik ýygnanmagy, ýüreginiň haýal urmagy, gan basyşynyň pese düşmegi, göreçleriniň daralyp, tutgaýyň tutmagy, netijede aňynyň üýtgemegine çenli getirip biler. Näsagyň halynyň agyrlaşyp, dürli agyr ýagdaýlara getirmegi mümkin. Zäherlenmäniň ilkinji alamatlary ýüze çykandan «Tiz kömek» gullugyny çagyrmaly we näsagy hassahana ýerleşdirmeli. Bejeriş işleri zäherlenmäniň görnüşine görä geçirilýär. Zäherlenme näçe çalt we öz wagtynda duýulsa, ýüze çykyp biläýjek agyr ýagdaýlaryň öňüni almak ýeňil düşýär. Kömeleklere mahsus bolan ýene-de bir häsiýet, ol hem adam bedeninde allergiýany döredýänligidir. Muňa telpekli kömelekleriň köpeliş tozanjyklary sebäp bolýar. Öňem aýdyşymyz ýaly, kömelek örän tiz zaýalanýan azyk önümlerine degişli. Ol ýyglandan soň, hatda sowadyjyda hem bir günden artyk saklamak maslahat berilmeýär. Eger-de iýilýän kömelegi dogry saýlap alyp bilmeseňiz, gowusy, ak bazarlarda halka hödürlenýän, degişli barlaglardan geçen kömelekleri satyn almak maslahat berilýär.
Kesellerden goranmagy daşary çykylanda agyz-burun örtüklerini dakynmak, arassaçylyk düzgünlerini berjaý etmek, iki metr howpsuz aralygy saklamak bilen utgaşdyryň! Eger-de nähoşlugyň ilkinji alamatlaryny duýsaňyz, hökman maşgala lukmanyna ýüz tutuň!