MEDENIÝET

Kino äleminde ösesiňiz gelýärmi?

Onda “48 Hour Film Race Big Day” (48 sagatda film döretmek bäsleşiginiň uly güni) maksatnamasyna gatnaşyň! Bu barada ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasy habar berýär.

“Big Day” – bu Merkezi Aziýa boýunça gysga metražly filmleriň “48 Hour Film Race” atly bäsleşiginiň okuw-tejribe alyşmaklyga bagyşlanan bölegidir. Bu bäsleşik 2015-nji ýyldan bäri geçirilýär we onda tejribeli hünärmenler bilen bir hatarda täze başlaýan höwesjeň toparlar hem öz güýjüni synap bilerler.

“48 Hour FilmRace Big Day” – bu ABŞ-ly kino ussatlaryndan bilim öwrenmek, kinorežissýorlar bilen tanyşmak we hünärmenler bilen sorag-jogap alyşmak üçin mümkinçilikdir.

Bu ýyl “Big Day” onlaýn tertipde geçirilýär. Gatnaşmak tölegsizdir, öňünden ýazylmak zerurdyr:

https://48hourfilmrace.com/big-day-2021/

Bu geçirilýän çäräniň myhmanlarynyň arasynda “Annapolis” film festiwalynyň maksatnamalar boýunça müdiri Derek Horn, prodýuser Benjamin Waýsner, seýle-de kino we teleprodýuser Nil Waýzman bardyr. Haýsydyr bir çärä ýa-da onlaýn duşuşyklaryň hemmesinde ýazylmak bolar.

 

Bilim Sahypamyz

Ylym we bilim baradaky habarlar, şeýle hem ýurdumyzda we daşary ýurtlarda bilim almak bilen baglanyşykly täzelikleri we maglumatlary bu sahypamyzdan tapyp bilersiňiz!

 

Ýene-de okaň

Aşgabatda hindi filmleriniň festiwaly başlady

Ata Watan Eserleri

18-25-nji ýanwar: Türkmenistanda hepdelik howa maglumaty

Bathyz goraghanasynda ýene-de bir ene alajagaplaň ýüze çykaryldy

Türkmenistanyň döwlet kitaphanasyna pars dilindäki kitaplar sowgat berildi

Ata Watan Eserleri

“Altyn Globus” baýragynyň ýeňijileri belli boldy

Las-Wegasda türkmen zenan el sumkasy dünýäniň iň meşhur sport ýyldyzlarynyň ýadygärlikleriniň arasynda ýerleşdirildi

Dr.Döwran Orazgylyjov