Angliýanyň milli ýygyndysynyň tejribeli hüjümçisi Harri Keýn ahyrsoňy Germaniýanyň “Bawariýa” toparynyň düzümine goşuldy. Birnäçe wagtdan bäri bu transfer barada köp sanly sport neşirlerinde habarlar çap edildi.
Angliýanyň “Tottenhem” toparynyň düzüminde çykyş eden Harri Keýn mundna soňra 2027-nji ýylyň tomsuna çenli Germaniýanyň “Bawariýa” toparynyň düzüminde oýnar. Ol täze toparynda “9” belgili köýnekçede çykyş eder.
Ozal hem habar berlişi ýaly, nemes topary iňlis futbolysy üçin 100 million ýewro hem-de 10 million ýewro goşmaça töleg etdi. Futbolçynyň özi bolsa, her ýyl 25 million ýewro golaý girdeji gazanar.
“Tottenhem” toparynyň düzümine oýnan Keýn 435 duşuşykda oýnap, 280 gol geçiripdi.
