Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça köp ýyllaryň dowamynda Türkmenistanda umumadamzat gymmatlyklarynyň hazynasyna ägirt uly goşant goşan halkymyzyň medeni we ruhy mirasyny saklamak, baýlaşdyrmak, ony dünýäde giňden wagyz etmek boýunça ägirt uly işleriň alnyp barylýar. Medeni gymmatlyklarymyzy dünýä ýüzünde giňden wagyz etmek Arkadagly Serdarymyzyň baştutanlygynda hem yzygiderli ösdürilýär.
BMG-niň Bilim, ylym we medeniýet meseleleri boýunça guramasy (ÝUNESKO) bilen gatnaşyklaryň ösdürilýän döwründe Türkmen halkynyň milli mirasynyň ajaýyp medeni gymmatlyklaryndan biri bolan «Türkmen keşdeçilik sungatynyň» ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni mirasynyň sanawyna girizildi. Munuň güwänamasy hormatly Prezidentimize gowşuryldy.
Keşdeçilik sungatymyz Berkarar döwletimiziň häzirki döwründe täzeden gülleýär. Türkmen tebigatynyň bahar paslyndaky görküne çalym edýän bu milli senet zenanlarymyzyň asylly häsiýetlerini, zehinini görkezýär. Gahryman Arkadagymyzyň käbesi Ogulabat ejäniň sünnäläp bejeren kürtesi türkmen halkynyň milli gymamtlygy bolan keşdeçilik sungatynyň ýeten belent derejesiniň aýdyň mysalydyr.
Türkmen zenanlaryna mahsus bolan näziklik, mähirlilik, gözellik, asyllylyk ýaly häsiýetleriň ählisi bu sungatda-da jemlenen. Ony zenan kürtelerinde, tahýalarda, milli lybaslarymyzda ýakyndan synlamak bolýar. El işleriniň zynaty mähirdir. Şonuň üçin olar ýyllar geçse-de, könelmän, gaýta, barha lowurdap şöhle saçýar.
Keşdeçilik sungatynyň milli medeni mirasymyzyň aýrylmaz bölegi bolup durýar. Köpasyrlyk milli däpleri dowam etdirip, häzirki döwürde zehinli zenanlarymyz ajaýyp keşdeleri, nagyşlary döredýärler. Olar milli lybaslaryň esasy bezegi, durmuş ulgamynyň aýratynlyklary we amaly-haşam sungatynyň görnükli nusgasy bolup durýar. Munuň özi ýurdumyzda aýratyn ähmiýet berilýän ugurlaryň biridir.
Ýaňy-ýakynda çapdan çykan Türkmenistanyň Medeniýet ministrligi tarapyndan neşir edilen “Türkmen keşdeçilik sungaty” atly täze kitap türkmen milli lybaslary, olaryň çeper bezegi, keşde çekmegiň usullary, sapak işmek, iňňä sapak ötürmek, keşdeçilik hünärinde ulanylýan keşde iňňesi, oýmak, ýüwse, ýüpek sapaklar, keşde, gaýma, köjüme, çigme, pugtama, basma ýaly milli el işleri barada giňişleýin gürrüň berýän möhüm gollanmadyr.
Umuman, älemgoşar öwüşginli güllere beslenen türkmen sährasyny ýadyňa salýan nepis keşdelerimiz öz gözbaşyny irki döwürlerden alyp gaýdýar. Milli keşdeçilik sungaty mähriban käbelerimiziň, gelin-gyzlarymyzyň söýgüsinden kemala gelen milli gymmatlyklarymyzyň biridir.
Ogulşirin Şirgeldiýewa,
Döwletmämmet Azady adyndaky
Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby.