MEDENIÝET

Kä­riz­ler – gym­mat­ly milli tejribe

Mil­li me­de­ni­ýe­ti­mi­ziň şöh­rat­ly ta­ry­hy bar. Ta­ry­hy gym­mat­lyk­la­ryň ha­ta­ryn­da ýur­du­my­zyň köp müň ýyl­lyk eke­ran­çy­lyk me­de­ni­ýe­ti we suw üp­jün­çi­li­gi­niň mil­li tej­ri­be­si bi­len bag­ly mi­ra­sy­myz hem yl­my jä­het­den öw­re­nil­mä­ge de­giş­li­dir. Dün­ýä­de iň ga­dy­my we iň­ňän çyl­şy­rym­ly suw des­ga­la­ry­nyň bi­ri bo­lan kä­riz­ler baradaky käbir mag­lu­mat­la­r Türk­me­nis­ta­nyň Me­de­ni­ýet mi­nistr­li­gi­niň bö­lüm mü­di­ri Aga­my­rat Baltaýewiň “Türkmenistan” gazetindäki makalasynda beýan edilýär.

Kä­riz türk­me­niň dün­ýä­niň eke­ran­çy­lyk we suw üp­jün­çi­li­gi ba­bat­da iň­ňän ga­dy­my des­ga­sy­dyr. Şo­ňa gö­rä-de, ta­ry­hyň äh­li pur­sat­la­ryn­da türk­men hal­ky kä­riz­le­riň su­wu­na-da, kä­riz­gen­le­re-de uly sar­pa go­ýup ge­lip­dir. Kä­riz ul­ga­my özü­niň ga­dy­my­ly­gy hem-de ýe­riň on­lar­ça metr çuň­lu­gyn­dan akyp gaýd­ýan ja­na te­ne­kar agyz su­wy bi­len ta­pa­wut­lan­ýar. Şeý­le bo­lan­soň, kä­riz gaz­mak­da kä­riz­genleriň tej­ri­be­si, iş gu­ral­la­ry, öz­bo­luş­ly däp-des­sur­la­ry baradaky şu mag­lu­mat­lar diý­seň gy­zyk­ly­dyr.

Gah­ry­man Ar­ka­da­gy­myz «Türk­me­nis­tan — Be­ýik Ýü­pek ýo­lu­nyň ýü­re­gi» at­ly ese­ri­niň bi­rin­ji ki­ta­byn­da kä­riz­le­riň ga­dy­my dö­wür­dä­ki äh­mi­ýe­ti we ta­ry­hy ba­ra­da gym­mat­ly mag­lu­mat­la­ry be­ýan ed­ýär: «Ga­dy­my dö­wür­ler­de ösen eke­ran­çy­ly­gyň, kä­mil su­wa­ryş ul­ga­my­nyň bo­lan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýän su­dur­la­ry özün­de sak­la­ýan Pa­ryz­de­pe ösen eke­ran­çy­lyk me­de­ni­ýe­tin­den ha­bar ber­ýär. Ta­ry­hy mag­lu­mat­la­ra gö­rä, il­kin­ji kä­riz­le­riň bi­ri hut şu ýer­de gur­lup­dyr. Bu ýer­de kä­riz gaz­ma­gyň in­çe til­sim­le­ri­ni us­sat­lyk bi­len ele alan meş­hur us­sa­la­ryň bir­nä­çe ne­sil­le­ri ýa­şap­dyr we dö­re­dip­dir. Pa­ryz­de­pä­niň çäk­le­rin­de ta­py­lan küý­ze bö­lek­le­ri, ke­ra­mi­ki tur­ba­lar, gu­ýu­lar ga­zy­lan­da ula­ny­lan gu­ral­lar bu ýer­de su­wa­ry­şyň çyl­şy­rym­ly usu­ly­nyň bo­lan­dy­gy­na şa­ýat­lyk ed­ýär».

Gahryman Arkadagymyzyň yl­my tag­ly­mat­la­ryn­dan ruh­la­nyp ge­çi­ri­len yl­my-göz­leg iş­le­ri Pa­ryz­de­pä­niň ete­gin­de ga­dy­my dö­wür­ler­den bä­ri Kä­ri­zek we Kör­de­re at­ly kä­riz­le­riň he­re­ket eden­di­gi­ni äş­gär et­di. Olar göz­ba­şy­ny Ar­ça­bil der­ýa­sy­nyň akyp ge­çen ug­ru­nyň düý­bü­ne si­ňip, ýe­riň 80 met­re go­laý çuň­lu­gyn­da eme­le ge­len ýe­ras­ty köl­den alyp­dyr. Kä­riz­gen­le­riň di­lin­de göz­ba­şy­ny ýe­ras­ty köl­den alan kä­riz­le­re «göz­baş kä­riz­ler» di­ýil­ýär. Ar­ça­bil der­ýa­sy­nyň su­wu­nyň çe­kil­me­gi bi­len, Pa­ryz­de­pä­niň kä­riz­le­ri iş­le­me­gi­ni pe­sel­dip­dir.

Bä­her­den et­ra­by­nyň Du­run oba­sy bi­len Bä­her­den şä­her­çe­si­niň ara­ly­gyn­da gün­do­gar­dan-gün­ba­ta­ra akyp geç­ýän Ar­waz der­ýa­sy­nyň ug­ru­ny yzar­lap gid­ýän Aý­na­bat, Uzyn, Hün­tüş, Ýy­lysuw, Eg­ri, Ge­çi­niň kä­ri­zi, Go­tu­ryň kä­ri­zi, Göw­düş, Du­run, Şor­ja, Gar­gy­ly, Pan­tyş, Ga­ra­ja­nyň kä­ri­zi, Ço­pa­nyň kä­ri­zi, Syç­maz, Tüý­li, Ça­ha­ry­nun, Ga­ra­han kä­ri­zi ýa­ly kä­riz­ler hem «göz­baş kä­riz­le­ri­dir». Şeý­le kä­riz­le­riň kö­pü­si Bä­her­den et­ra­by­nyň Sün­çe oba­sy­nyň tö­we­re­gin­de hem duş gel­ýär.

Mun­dan baş­ga-da kä­riz­le­riň «sil-çaý kä­ri­zi» diý­lip at­lan­dy­ryl­ýan gör­nü­şi ýur­du­myz­da köp duş gel­ýär. Bu gör­nüş­li suw des­ga­la­ry öz göz­ba­şy­ny ba­har aý­la­ryn­da te­bi­gy ýa­gyn­dan eme­le gel­ýän sil suw­la­ryn­dan we çaý­lar­dan, to­mus­da bol­sa dag­lar­da­ky gar­lar erän­de, su­wy joş­ýan çaý­lar­dan al­ýar. Dag etek­le­rin­de eme­le ge­len te­bi­gy suw how­dan­la­ryn­dan we dag çaý­la­ryn­dan çe­ki­len kä­riz ul­ga­my ar­ka­ly aras­sa agyz su­wy ho­ja­lyk­la­ra, eke­ran­çy­lyk ýer­le­ri­ne çe­kil­ýär. Şo­ňa gö­rä-de, bu gör­nüş­li kä­riz­ler­de su­wuň de­re­je­si, esa­san, ho­wa-ýa­gyn şert­le­ri­ne bag­ly­dyr. Jar-çaý­lar­da suw jo­şan­da, kä­riz su­wu­nyň de­re­je­si hem ýo­kar­lan­ýar. Çab­ga güýç­li ge­lip, sil bo­lup akan­da, kä­ri­ziň su­wy-da ha­na­sy­na syg­ma­ýar. Meş­hur halk aý­dy­myn­da­ky: «Dag ba­şy­ny du­man alyp, ýel gel­ýär-le, Bi­bi­jan, //Çaý ba­şy­na çab­ga ge­lip, sil gel­ýär-le, Bi­bi­jan…» di­ýen se­tir­ler hem ba­har aý­la­ryn­da­ky ýa­gyn-ýag­myr­ly gün­ler­de «sil-çaý kä­riz­le­ri­niň» su­wu­nyň do­lup-daş­ýan­dy­gyn­dan ha­bar ber­ýär. Bä­her­den et­ra­byn­da­ky Mür­çe oba­syn­dan de­mir­ga­zy­ga ta­rap akyp geç­ýän kä­riz­le­r «sil-çaý» kä­riz­le­ri­dir. Olar Kö­ne Mür­çe, Tä­ze Mür­çe (Ja­na­bat), Ah­ran, Me­le­wi, Dos­ba­gy diý­lip at­lan­dy­ryl­ýar. Sün­çe oba­syn­da hem bir­nä­çe ga­dy­my kä­riz­le­riň yz­la­ry bar. Ola­ryň kö­pü­si­niň su­wy hä­zir­ki dö­wür­de hem ula­nyl­ýar.

Mel­hem suw­ly kä­riz­ler dag jyns­la­ry­nyň de­şik­le­rin­e, boş­luk­la­ryn­a we ýer ga­by­gy­nyň jaý­ryk­la­ry­na ara­laş­ýan süý­ji suw gor­la­ryn­dan göz­baş al­ýar. Gid­ro­lo­gi­ýa yl­my ola­ryň gid­ros­fe­ra­nyň, at­mos­fe­ra­nyň we li­tos­fe­ra­nyň bi­ri-bi­ri­ne iş­jeň ta­sir et­me­gi hem-de dag jyns­la­ryn­da­ky mi­ne­ral duz­la­ryň ere­me­gi ne­ti­je­sin­de yn­san sag­ly­gy­na te­ne­kar mel­hem su­wa öw­rül­ýän­di­gi­ni tas­syk­la­ýar. Arç­man, Ýy­ly­suw, Mol­la­ga­ra kä­riz­le­ri mel­hem suw­ly kä­riz­le­re de­giş­li­dir.

Ta­ry­hy mag­lu­mat­la­ra sal­gy­lan­sak, XIX asy­ryň ahy­ryn­da — XX asy­ryň ba­şyn­da di­ňe Aş­ga­ba­dyň daş-tö­we­re­gin­de Gum­gi­den, Bo­luş­ly, Gul­beg, Gy­zyl ba­lak, Ga­ra­da­mak, Gä­mi, Ýan­baş, Gu­ry çaý, Gün dü­şen, Eg­ri, Ke­pe­le, Giň gol, Mül­ka­man, Uzyn, Go­şa çeş­me, Bek­re­we ýa­ly kä­riz­ler bo­lup­dyr. XIX asyr­da Ka­ka et­ra­by­nyň çäk­le­rin­de Gül­li ga­la, Kö­ne Aby­werd, Kar­na­wa, Çil­gez, Bu­ýan­ga­la, Guş­ly jar, Go­şa­de­pe, Ga­ra­han, Giň­de­re, At­ça­pan, Ýan­dak­ly, Haý­wan çeş­me, Nöw­rek çeş­me ýa­ly on­lar­ça kä­riz suw des­ga­sy­nyň bo­lan­dy­gy yl­my mag­lu­mat­lar­da be­ýan edil­ýär.

Ýur­du­my­zyň suw üp­jün­çi­li­gi­ne de­giş­li yl­my göz­leg­le­ri ge­çi­ren et­nog­raf­la­ryň iş­le­rin­de 1930-njy ýyl­lar­da di­ňe Kö­pet­dag ete­gin­dä­ki et­rap­lar­da kä­riz­le­riň 376-sy­nyň ha­sa­ba al­nan­dy­gy ba­ra­da ýa­zy­lyp­dyr. 1948-nji ýy­lyň ýer tit­re­me­si köp kä­riz çeş­me­le­ri­niň su­wu­nyň pe­sel­me­gi­ne hem-de bu çyl­şy­rym­ly suw des­ga­la­ry­nyň on­lar­ça­sy­nyň ýum­rul­ma­gy­na ge­tir­ýär. Mu­ňa se­ret­mez­den, ola­ryň kö­pü­si soň­ra­ky ýyl­lar­da di­kel­di­lip­dir. 1958-nji ýy­la çen­li ýur­du­myz­da 180-e go­laý kä­riz des­ga­sy­nyň su­wu­nyň ula­ny­lan­dy­gy ba­ra­da ar­hiw mag­lu­mat­la­ry bar.

1965-nji ýyl­da Türk­me­nis­tan­da je­mi 98 kä­riz iş­läp­dir, olar agyz suw üp­jün­çi­li­gin­de hem-de eke­ran­çy­lyk­da giň­den ula­ny­lyp­dyr. 1985-nji ýyl­da ýur­du­myz­da kä­riz­le­riň 65-sin­den peý­da­la­ny­lyp­dyr.

Gör­nü­şi ýa­ly, kä­riz­ler we su­wy tyg­şyt­ly ulan­ma­gyň mil­li tej­ri­be­si­ne da­hyl­ly örän baý mi­ra­sy­myz bar. Bu gym­mat­ly baý­ly­gy­myz Bir­le­şen Mil­let­ler Gu­ra­ma­sy­nyň Bi­lim, ylym we me­de­ni­ýet bo­ýun­ça gu­ra­ma­sy­nyň — ÝU­NES­KO-nyň ab­raý­ly sa­na­wy­na go­şu­lyp, dün­ýä­de yk­rar edil­mä­ge my­na­syp­dyr.

 

https://www.atavatan-turkmenistan.com/hojadurdy-narlyyew-watan-hakda-baslanan-sohbet/

Ýene-de okaň

“Euronews” Gazagystanda sebitleýin edarasyny açdy

Täze ýyl baýramçylygy döwründe sirk çykyşy

Gylyçdurdy Durdyýew – “Ýylyň parlak ýyldyzy”

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanyň we EYR-nyň çagalarynyň dostluk hepdesi

Possuk

Paýtagtymyz Aşgabadyň we Arkadag şäheriniň teatrlarynda görkeziljek sahna oýunlary