Häzirki zaman kämil tehnologiýalar gündelik durmuşyň ähli taraplaryna içgin ornaşdy. Şeýle ösen enjamlarynyň giňden ýaýramagy bilen birlikde maglumat howpsuzlygyny üpjün etmek meselesi hem ýokarlanýar. Kiberhowpsuzlyk ýa-da maglumat tehnologiýasynyň howpsuzlygy – kompýuter ulgamlaryny we torlaryny gizlin maglumatlaryň syzmagyndan, enjamlarynyň, programma üpjünçiliginiň ýa-da elektron maglumatlarynyň zaýalanmagyndan, degişli hyzmatlaryň näsazlyklaryndan we bökdençliklerinden goramak bilen häsiýetlendirilýär. Kiberhowpsuzlyk häzirki wagtda tehnologiki we beýleki nukdaýnazardan möhüm meseleleriň biridir. Kiberhowpsuzlyk edara-kärhanalaryň, guramalaryň we raýatlaryň şahsy maglumat çeşmelerini kibergiňişlikde kiberhüjümlerden goramagy maksat edinýär.
Häzirki wagtda ýurdumyzda sanly ulgamy ornaşdyrmak bilen birlikde maglumat howpsuzlygyny üpjün etmekde-de netijeli işler durmuşa geçirilýär. Maglumat howpsuzlygynyň maddy-enjamlaýyn we kanunçylyk binýadynyň yzygiderli berkidililýär.
«Aragatnaşyk hakynda», «Türkmenistanda internet torunyň ösüşini we internet hyzmatlaryny etmegi hukuk taýdan düzgünleşdirmek hakynda», «Maglumat we ony goramak hakynda», «Şahsy durmuş barada maglumat we ony goramak hakynda», «Kiberhowpsuzlyk hakynda», «Elektron resminama, elektron resminama dolanyşygy we sanly hyzmatlar hakynda» Türkmenistanyň Kanunlarynyň kabul edilmegi degişli ugruň hukuk binýadyny pugtalandyrmaga ýardam etdi. «Kiberhowpsuzlyk hakynda» Türkmenistanyň Kanunynyň internet ulgamyndaky wehimleriň öňüni almakda, jemgyýetçilik düzgün-tertibiniň, guramalaryň we raýatlaryň kanuny hukuklarynyň hem-de bähbitleriniň üpjün edilmeginde ähmiýeti uludyr.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy boýunça «Türkmenistanda 2019 — 2025-nji ýyllarda sanly ykdysadyýeti ösdürmegiň Konsepsiýasynyň» kabul edilmegi sanly ykdysadyýete geçilmeginiň maýa goýum işjeňliginiň, döwlet dolandyryş ulgamyna öňdebaryjy tehnologiýalaryň ornaşdyrylmagynyň, täze iş orunlarynyň döredilmeginiň ösüşini üpjün etdi. Bu Konsepsiýa maglumat tehnologiýalaryny ulanmak arkaly ykdysadyýetiň ähli pudaklarynyň hem-de jemgyýetçilik edaralarynyň işiniň netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilendir.
Döwlet Baştutanymyzyň «Türkmenistanda elektron resminamalar dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary döretmek we işe girizmek hakyndaky» Kararyna laýyklykda, ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, welaýatlaryň we Aşgabat şäheriniň häkimlikleri, hukuk görnüşine garamazdan, edaralar, kärhanalar we guramalar, şeýle-de ýuridik şahsy döretmezden telekeçilik bilen meşgullanýan fiziki şahslar elektron resminama dolanyşygy ulgamyny hem-de internet web-saýtlary bellenen tertipde döredýärler. Munuň özi halk hojalygyndaky işleriň bökdençsiz amala aşyrylmagyna giň mümkinçilikler döredýär.
Sanly ulgam maglumatlaryň ýokary tizlik bilen baryp ýetmegi netijesinde wagt tygşytlylygy, işçi güýjüniň azalmagy, saglygy goraýyşda keselleri anyklamak we keselleri bejermek, bilim ulgamynda elektron kitaplar, bank ulgamynda töleg terminallary we onlaýn bank ulgamy ýaly giň mümkinçilikleri özünde jemleýär.
Häzirki wagtda tehnologiýanyň soňky gazananlaryny ýurdumyzyň ähli pudaklaryna: bilim, saglygy goraýyş, maliýe, aragatnaşyk, bank ulgamlaryna ornaşdyrmak maksady bilen birnäçe işler alnyp barylýar.
Ýurdumyzyň ähli ministrliklerinde hem-de edara-kärhanalarynda «Sanly ulgam we maglumat howpsuzlygy» bölümleri açylýar.
Jemgyýetçilik önümçiliginiň täze pudagy emele gelýär, bu pudak maglumatlary döretmek, ýaýratmak, işläp taýýarlamak we ulanmak (sarp etmek) serişdelerini we proseslerini gurşap alýar. Belli bolşy ýaly, maglumat täze, döwrebap maglumat siwilizasiýasyny ösdürmek eýýamyna ädim äden adamzadyň global tükeniksiz çeşmesine öwrüldi. Şonuň üçin hem şu maglumatlaryň howpsuzlygyny üpjün etmek meselesi häzirki zaman maglumat ulgamlarynyň esasy we wajyp meseleleriniň biri bolup çykyş edýär.
Maglumat ulgamlary döredilende we işlenende, olarda kompýuterlere girizilen maglumatlar işlenip taýýarlanylanda, maglumat alyş‑çalyşygy guralanda, kompýuter torlarynda maglumat we programma üpjünçiligi goramak, howpsuzlygy üpjün etmek işi häzirki zaman kompýuter tehnologiýalarynyň möhüm meseleleriniň biridir. Kompýuterdäki maglumatlaryň goragy şu günki günde örän wajyp meseleleriň biri bolup durýar. Sebäbi ylmyň we tehnikanyň ösmegi sebäpli, Internet ulgamynda giň köpçülikleýin peýdalanylýandygy
üçin maglumat iň bir gymmatly serişde bolup çykyş edýär.
Şonuň üçin ýurdumyzyň dürli ýokary okuw mekdeplerinde ýaşlara maglumat hwopsuzlygy ugrunda sapaklar berilýär we bu ugurda hünärmenler taýýarlanýar. Maglumat howpsuzlygy atly dersiň esasy meselesi – kompýuterdäki maglumatlaryň howpsuzlygyny tehnologiýalaryň we programmalaryň üsti bilen amal etmegi başarmak bolup durýar. Bu dersiň esasy maksady – talyplara kompýuterdäki maglumatlaryň goraglylygyny,
şeýle hem maglumatlaryň alyş-çalşygy gurnalanda maglumat akymlaryň seljerilip kabul edilmegini üpjün etmek endiklerini öwretmekden ybaratdyr.
Bu ugurdaky tagallalar ýaşlary bilimleri çuňňur özleşdirmäge, ata Watanymyza, Arkadagly Gahryman Serdarymyza, Gahryman Arkadagymyza, il-günümize mynasyp nesiller bolup ýetişmäge, bilim işgärlerini bolsa, netijeli we döredijilikli zähmet çekmäge ruhlandyrýar. Ýokary amatly şertlerde zähmet çekmäge döreden ajaýyp mümkinçilikleri üçin Arkadagly Gahryman Serdarymyza we Gahryman Arkadagymyza çäksiz alkyşlarymyzy aýdýarys.
Seýranmämmet Annamämmedow,
Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetiniň
umumy matematika kafedrasynyň mugallymy.