JEMGYÝET

Kaliforniýanyň San-Fransisko şäherinde Türkmenistan tanyşdyryldy

Ata Watanymyz Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 33 ýyllyk şanly baýramy ýurdumyzda we dünýäniň dürli künjeklerinde giňden bellendi. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň iň uly ştatlarynyň biri bolan Kaliforniýa ştatynyň dünýä belli San-Fransisko şäherinde Türkmenistan ilkinji gezek geçirilen türk festiwalynda tanyşdyryldy. 2024-nji ýylyň 28-nji sentýabrynda geçirilen bu festiwalda “Ata Watan media” topary hem gatnaşyp, Türkmenistany tanyşdyrýan diwarlyk bilen wekilçilik etdi. Türkmen milli el işleri we gymmatlyklary görkezilen bu diwarlyk myhmanlarda aýratyn täsir galdyrdy. Myhmanlara Kaliforniýada ýaşaýan türkmen maşgalasynyň taýýarlan pişmesi hödürlendi we ýörite gaplarda gaplanan pişmeler çäräniň ilkinji sagadynda paýlanyp gutardy.

Türkmenistany tanyşdyrýan bu çäre ýerli ilat bilen bir hatarda, dürli milletleriň wekilleriniň hem-de şol gün gezelenç edýän müňlerçe adamyň ünsüni çekdi. Çärä gatnaşan türkmenistanlylar we myhmanlar özara söhbetdeş bolup, ýatdan çykmajak duýgular döretdiler. Türkmeniň ýaşyl baýdagynyň buýsanç bilen pasyrdamagy bolsa, geçip barýan türkmenistanly iki ýaş oglany çärä çekip getirdi. Şol sanda, dünýäniň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň biri bolan Stanford uniwersitetiniň türkmenistanly professory hem maşgalasy we çagalary bilen çärä gatnaşdy. San-Fransiskoda ýaşaýan türkmen maşgalalary öz ýakymly ýatlamalaryny paýlaşyp, Türkmenistanyň diwarlygynda aýratyn duýgulary başdan geçirdiler.

Festiwalyň dowamynda diwarlygymyz gelip gidenler sanardan köp boldy. 1960-njy ýyllarda Aşgabatda doglan we häzirki wagtda Amerikanyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň birinde zähmet çekýän ýaşuly, Türkmenistandan gaýdanyna onlarça ýyl bolsa-da, “Men Amerikanyň raýaty, emma pasportymda doglan ýerim Aşgabat diýilýär” diýip buýsanç bilen gürrüň berdi. Bu gürrüň Ata Watanyň, dünýäniň nirede bolsaň-da, ýürekde hemişelik orun alýandygynyň aýdyň mysalydyr. Ol ýaşulynyň ikinji sapar, gaýtadan çäräniň bolýan ýerine gelendigini, diwarlygymyzda birnäçe wagtlap durandygyny bellemek gerek.

Diwarlygymyza gelen ýaş daşary ýurtly gyz bolsa, 15 ýyl mundan ozal, 6-njy synp mekdep okuwçysy wagtym ejemiň işi üçin Aşgabatda 6 aý ýaşapdym. Türkmenistanda ýaşan döwrüm türkmen milli gymmatlyklarynyň täsirini unutmadyk. Ol gyz gymmatlyklaryň suradyny çekip, ejeme görkezjek diýdi. Biz hem onuň ejesine kiçijek sowgat iberdik. Sowgatlarymyz diňe bu gyza däl, Türkmenistana aýratyn gyzyklanma bildirip, soraglar beren myhmanlaryň hemmesine gowşuryldy.

Elbetde, indiki Türkmenistan tanyşdyryş çärelerinde ulanmak maksady bilen, ähli sowgatlary paýlamaga howlukmadyk. Käbir myhmanlar bolsa, türkmen el işleri we milli lybaslary satyn almak islegini bildirdiler. Biziň satmaýandygymyzy eşiden myhmanlar bu önümleri nireden satyn alyp boljakdygy baradaky soraglara jogap soradylar. Emma, gynansak-da, olara anyk maglumat berip bilmedik.

Stanford uniwersitetinde doktoranturadan soňky okuwyny dowam etdirýän, Owganystanda doglan we birnäçe ýyl Türkmenistanda ýaşan owgan-türkmen maşgalasy hem çärämize gelip, öz türkmen ildeşleri bilen ýakyndan söhbetdeş boldy.

Türkmenistana gezelenç etmek we ajaýyp tebigaty bilen tanyşmak isleýän onlarça amerikanly myhman Türkmenistana nähili syýahat edip bolýandygy barada soraglar berdiler. Biz olara Türkmenistanda hereket edýän syýahatçylyk kärhanalary bilen habarlaşmagy maslahat berdik.

Türkmen milli dony we tahýasyny geýen Ysmaýyl bilen surat düşmek myhmanlar üçin ýatdan çykmajak ýatlama boldy. Käbirleri özlerine ýadygärlik hökmünde türkmen dony we tahýasyny geýip surata düşdiler.

Elbetde, diwarlygymyza gelenleriň ählisi Türkmenistan barada köp zat bilmeýär. Şonuň üçin biz ýerli adamlara ýurdumyzyň geografik ýerleşişi we esasy maglumatlary barada gürrüň berdik. Bu bolsa, dünýäniň dürli künjeklerinde ýaşaýan türkmen raýatlarynyň şeýle çäreleri yzygiderli geçirmeginiň ähmiýetini ýene-de bir gezek görkezdi.

Festiwalda türk lezzetleriniň we süýjülikleriniň söwdasy hem guraldy. Dürli ýurtlaryň wekilleriniň sungat ussatlarynyň çykyşlary gurnaldy. Indiki ýyllardaky şeýle çärelere, türkmen dutary we milli tansymyz küşdepdi bilen gatnaşmagy arzuw edýäris. Bu arzuwlaryň hasyl bolmagy üçin Amerikada, esasan hem Kaliforniýada ýaşaýan türkmenleriň bilelikdäki tagallasy zerurdyr.

Türk Festiwaly San-Fransiskodaky “Embarcadero Plaza”, dünýäniň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ştab-kwartiralarynyň ýerleşýän Market Street bilen Steuart köçesiniň çatrygynda geçirildi. Çärä Turkish American Association in Northern California (TAAC) tarapyndan gurnaldy.

Ýene-de okaň

“Ýylyň Sözüni” saýlana 1000 manat baýrak : “Makul Sözlük” teklip edýär

Türkmenistan “Merkezi Aziýa — ASEAN” formatyny döretmek başlangyjy öňe sürýär

Aşgabat-Daşoguz ugry boýunça goşmaça otly gatnawlary ýola goýuldy

“Arkadag” futbol kluby bassyr ikinji ýyl Türkmenistanyň Kubogyna mynasyp boldy

Daşkent şäherinde “Magtymguly Pyragy” çeper filminiň premýerasy boldy

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinoçylary Täze ýyl üçin täze filmler döredýär