DÜNÝÄ

Kaliforniýanyň Dawis şäherinde Türkmenistan tanyşdyryldy

Türkmenistan döwletimiziň baý medeniýeti, taryhy, şeýle hem ajaýyp taryhy hem-de medeni ýadygärlikleri hemişe daşary ýurtlarda uly gyzyklanma döredip gelýär. Şonuň üçin daşary ýurtlarda geçirilýän iri çärelerde we beýleki medeni köpçülikleýin dabaralarda Türkmenistanyň medeni hem-de tayrhy gymmatlyklary tanyşdyrylýar.

Şeýle çäreleriň ýene-de biri Amerikanyň Birleşen Ştatlarynda geçirildi. Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Kaliforniýa ştatynyň Dawis şäheriniň “North Davis Elementary School” başlangyç mekdebinde medeniýet güni çäreleri geçirilip, onda bu mekdepde bilim alýan türkmen ýaşlary tarapyndan Türkmenistan döwletimiz tanyşdyryldy.

2024-nji ýylyň 23-nji maýynda geçirilen çäräde ýokarda agzalýan mekdepde bilim alýan 10-dan gowrak döwletiň wekilleri bolan mekdep okuwçylary we olaryň maşgalalary çäreniň gurnaýjylarynyň arasynda çykyş etdiler.

Her ýylyň maý aýlarynda, häzire çenli bolsa 34-nji gezek geçirilýän bu  dabarada döwletleri tanyşdyrmak hem-de milli tagamlary hödürlemek çäreleri geçirilýär. Türkmenistan bilen bir hatarda, Hytaýyň, Awstriýanyň,  Polşanyň,  Hindistanyň,  Brazilýanyň,  Israýylyň,  Koreýanyň, Ýapaniýanyň, Çiliniň, Eýranyň we Meksikanyň wekilleri öz ýurtlaryna mynasyp wekilçilik etdiler.

Türkmenistan döwletimizi şol mekdepde bilim alýan Ýusup we Ýunus Orazgylyjow we “Dawis Senior High School” mekdebinde bilim alýan Ysmaýyl Orazgylyjow wekilçilik etdi. Türkmenistanyň diwarlygy ýurdumyzda yglan edilen “Pähim-paýhas ummany Magtymguly Pyragy” şygary esasynda bezelip, onda daşary ýurtly myhmanlara beýik türkmen akyldary we şahyry Magtymguly Pyragyny tanyşdyrmak maksady bilen onuň suraty ýerleşdirildi. Şeýle hem dabara gataşyjylara Magtymguly Pyragynyň dünýä medeniýetindäki ähmiýeti barada gysgaça maglumat berildi.

Şeýle hem her ýyl 25-nji maýda ýurdumyzda giňden bellenilýän Aşgabat şäheriniň gününiň şanyna  ak mermere beslenen Aşgabadyň suraty ýerleşdirilip, myhmanlara Ginnesiň rekordlar kitabynda öz mynasyp ornuny alan paýtagtymyz Aşgabat barada gyzykly maglumatlar gürrüň berildi.

Mundan başga-da, çärä gatnaşan daşary ýurtly myhmanlara gojaman Hazaryň eteklerini boýlap oturan “Awaza” milli syýahatçylyk zolagy, Köýtendagyň dünýä meşhur dinozawrlaryň yzy, Garagumyň merkezindäki “Garagum ýalkymy” mekany, Balkan welaýatynyň çägindäki Ýaňgala düzlükleri barada gyzykly maglumatlar ýetirildi.

Daşary ýurtly myhmanlarda türkmen halkynyň milli buýsanjy hem-de gymmatlyklary bolan türkmen ahalteke bedewleri, türkmen alabaýy, türkmen halysy hem uly gyzyklanma döretdi.

Türkmenistanyň diwarlygyna gelen myhmnalara türkmeniň el işleri hem görkezildi.  Ýörite kompýuter programmasynyň üsti bilen “Makul Sözlügiň” çäklerinde käbir türkmen sözleriniň aýdylyşy dünýäniň dürli künjekleriden gelen çagalara has gyzykly boldy.

Şeýle hem Türkmenistanyň diwarlygynda halkara “Atavatan Türkmenistan” žurnalynyň birnäçe sanlary ýerleşdirildi. Türkmen hem-de iňlis dillerinde çap edilen halkara “Atavatan Türkmenistan” žurnalynyň käbir sanlary myhmanlara sowgat edildi we myhmanlara Türkmenistan barada maglumat almak üçin giň mümkinçilik döretdi.

Çäräniň dowamynda daşary ýurtly myhmanlara türkmen alajasy sowgat edildi. Bu hem türkmen halkynyň myhmansöýerliginiň nobatdaky subutnamasy boldy.

Medeniýet gününiň çäklerinde gelen myhmanlara türkmen palowy we türkmen pişmesi hem hödür edildi.

Ýene-de okaň

Özbegistanda Ministrler Kabinetiniň täze düzümi tassyklandy

Owganystan bilen goňşy döwletleriň Daşary işler ministrleriniň duşuşygy Aşgabatda geçiriler

Trampdan türk asylly lukmana teklip

Ata Watan Eserleri

Özbegistanda Abdulla Aripow täzeden Premýer-ministr boldy

Türkmenistanyň has howpsuz geljegini gurmakda ýaşlaryň işjeň gatnaşmagy

Braziliýada “G20” sammiti geçirilýär