BILIM

Kaliforniýa uniwersitetinde ALSA-nyň ilkinji umumy mejlisi geçirildi

Dünýäniň iň abraýly uniwersitetleriniň biri bolan Kaliforniýa uniwersitetiniň Davis Hukuk fakultetiniň çäginde hereket edýän ALSA (Advanced Legal Scholars Association) bileleşiginiň täze döwür üçin ilkinji umumy mejlisi geçirildi. Ýadyňyzda bolsa, bu abraýly bileleşigiň Prezidenti wezipesine şol fakultetde magistrlik derejesi üçin bilim alýan Türkmenistanly hukukçy Dr.Döwran Orazgylyjow saýlanypdy. Bilşimiz ýaly, Kaliforniýa Uniwersitetiniň Davis kampusy, ýaňy ýakynda “Wall Street Journal/College Pulse” tarapyndan taýýarlanan 2025-nji ýylyň Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň iň gowy uniwersitetleriniň sanawynda 12-nji orny eýeläpdi.

2024-nji ýylyň 27-nji sentýabrynda geçirilen Umumy mejlisde, ALSA-nyň täze döwür üçin ýerine ýetirjek çäreleri we käbir guramaçylyk işlerine seredildi.

ALSA-nyň Prezidentiniň teklibi bilen ALSA-nyň müdüriýetiniň geňeşinde dünýäniň dürli kontinetinden gelen hukukçylaryň wekilçilik etmegini gazanmak maksady bilen müdüriýetiň geňeşinde agzalarynyň sanynyň köpeltmek barada ylalaşyga gelindi.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň diplom ykrar edilýän daşary ýurt uniwersitetleriniň sanawlarsa ilkinji 100-likde öz ornyny tapýan Kaliforniýa uniwersitetiniň Davis kampusynda bilim almak isleseňiz uniwersitetiň web saýtynyň halkara talyplar bölüminden gerekli maglumatlary alyp bilersiňiz.

 

Ýene-de okaň

Türkmen ýaşlarynyň Astanadaky üstünligi

Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýdan 12 medal bilen dolandylar

Ýurdumyzyň ýaş robot tehnikaçylary Dubaýda geçiriljek IWISE Global Final bäsleşigine gatnaşarlar

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Harby-deňiz institutynyň ýokary hünär bilimine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň Ýöriteleşdirilen harby-deňiz mekdebine 2026-2027-nji okuw ýylynda okuwa kabul etmegiň tertibi

Türk ministri: 37500 türkmenistanly talyp Türkiýede bilim alýar