SPORT

“Inter” 8-nji gezek Italiýanyň kubogyny gazandy

Italiýanyň kubogyny almak ugrundaky ýaryşyň finalynda “Inter” bilen “Ýuwentus” toparlary duşuşdy.

Simone Indzaginiň ýolbaşçylygyndaky “Inter” topary esasy garşydaşlaryndan “Ýuwentus” toparyny 4:2 hasabynda utup, taryhyndaky 8-nji kubogyny eýeledi. Şeýlelikde, “Inter” topary 2011-nji ýyldan bäri ilkinji gezek kubogy gazanmagy başardy.

“Ýuwentus” topary 6-njy minutda Barella we 52-nji minutda Wlahowiç bilen 2:1 hasabynda öňe saýlanan hem bolsa, “Inter” topary 50-nji minutda Aleks Sandronyň, 80-nji minutda Çalhanoglynyň, 99-njy we 102-nji minutda Perişiçiň gollary bilen kubogy gazanmagy başardy.

“Ýuwentus” topary bolsa möwsümde kuboksyz galdy. Massimiliano Allegriniň ýolbaşçylygyndaky topar Çempionlar ligasynyň 1/8 finalynda utulyp, ýaryşdan galdy. Ýurduň Naýbaşy kubogyny gazanyp bilmedi. Çempionlyk ýaryşynda hem “Milan” bilen “Inter” toparlaryndan yzda galdy.

Şeýlelikde, “Ýuwentus” topary 2010/11-nji ýylyň möwsüminden bäri her ýyl kubok gazanyp gelýän bolsa, ilkinji gezek şu möwsümde kuboksyz galdy.

Italiýanyň Kubogyny iň gazanan toparlaryň biri hem “Ýuwentus” toparydyr we onuň kuboklaryny sany 14-e deňdir.

 

 

Parlament ýolbaşçylary «Ömür daragty» atly sahna eserine tomaşa etdiler

 

 

Ýene-de okaň

Türkiýäniň ýygyndysyna dünýä çempionatyna bir ädim galdy

Ata Watan Eserleri

Salah “Liwerpuldan” gidýär

Oweçkin 1000 gol sepgidine ýetdi

Özbek futbolçy “Mançester Siti” topary bilen ilkinji kubogyny gazandy

Türkmenistan Tailandyň ýygyndysy bilen geçiriljek duşuşyga taýýarlyk görýär

Messi karýerasyndaky 900-nji goluny geçirdi