SIZDEN GELENLER

Intellektual eýeçilik – adam aňynyň döredijilikli zähmetiniň netijesi

Her bir adam zähmeti we aň-paýhas başarnyklary arkaly durmuşdaky ornuny tapyp, jemgyýet tarapyndan ykrar edilýär. Ynsanyň döredijilikli zehininiň we yhlasly zähmetiniň netijesinde döredilýän eserlerdir oýlap tapyşlar, edilýän açyşlar jemgyýetimiziň ösüşine uly itergi berýär. Adam aňynyň döredijilikli zähmetiniň netijesine bolsa, intellektual eýeçilik diýilýär.

Intellektual eýeçilik dürli görnüşli oýlap tapyşlary öz içine alyp bilýär. Muňa mysal hökmünde sungat eserlerini, kompýuter maksatnamalaryny, haryt nyşanlaryny ýa-da täjirçilik maksatly döredilen beýleki serişdeleri görkezip bolar.

Häzirki zaman dünýäsi ylmy-tehniki ösüşleriň depginleriniň günsaýyn ýokarlanmagy bilen tapawutlanýar. Bu gün täze tehnologiýalaryň, innowasiýalaryň jemgyýetçilik durmuşymyza giňden ornaşdyrylýan döwründe intellektual eýeçiligiň ösüşi aýratyn ähmiýete eýe bolýar. Bütindünýä intellektual eýeçiligi guramasynyň Tertipnamasyna laýyklykda, intellektual eýeçilik adamyň aňynyň döredijiligini aňladýar. Onuň hukuk binýady her bir adamyň medeni durmuşa gatnaşmaga, çeper, ylmy we tehniki döredijiligiň erkinligine, ylmy, tehniki döredijilikde, şeýle hem çeperçilik, edebiýat we medeniýet işinde awtorlyk hukuklarynyň hem-de bähbitleriniň kanun bilen goralýandygyny kesgitleýär.

Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasy Birleşen Milletler Guramasynyň intellektual eýeçiligi ylymda we ykdysadyýetde täzeçil hem-de döredijilikli işläp taýýarlamalary höweslendirmegiň serişdesi hökmünde peýdalanmak meseleleri bilen meşgullanýan gurama bolup durýar. Türkmenistan hyzmatdaşlyk edýän abraýly halkara guramalaryň we düzümleriň çäklerinde, 1995-nji ýyldan bäri doly hukukly agzasy bolup durýan Bütindünýä intellektual eýeçilik guramasy bilen köpugurly gatnaşyklara möhüm ähmiýet berýär.

Ýurdumyzda ylmy intellektual eýeçilik hakynda Türkmenistanyň Kanuny hereket edýär. Bu Kanun «Türkmenistanda eýeçilik hakyndaky» Türkmenistanyň Kanunyna laýyklykda, intellektual eýeçiligiň bir görnüşi bolup durýan ylmy intellektual eýeçilik obýektlerini döretmek we peýdalanmak maksady bilen alnyp barylýan ylmy-tehniki işde ýüze çykýan jemgyýetçilik gatnaşyklaryny düzgünleşdirýär.

Jemgyýetiň ösüşiniň tutuş dowamynda adamlar hemişe täze maddy we ruhy gymmatlyklary döretmäge çalşypdyrlar. Munuň özi döwrebap innowasiýalar ulgamynyň kemala gelmegine itergi berýär. Innowasiýalary öz içine alýan intellektual eýeçilik adamzat ösüşiniň kämilleşmegini çaltlandyrýar we döredijilik pikirleriniň ösüşi üçin amatly şertleri döredýär.

Ykdysadyýetde we söwdada bazar gatnaşyklarynyň ösüşi, ýurduň senagat eýeçiliginiň goragy, haryt nyşanlary, hyzmat ediş nyşanlary ulgamynda halkara ylalaşyklaryň we şertnamalaryň birnäçesine goşulmagy hereket edýän kanunçylygy düýpli kämilleşdirmegi talap etdi.

Intellektual eýeçilik bilen bagly meseleleri düzgünleşdirýän kanunçylygyň ähmiýeti milli ykdysadyýetde amala aşyrylýan düýpli özgertmeler bilen we onuň ähli pudaklar boýunça durnukly ösüş depginleri bilen kesgitlenilýär. Innowasion tehnologiýalaryň netijeli ornaşdyrylmagy oýlap tapyşlary, senagat nusgalaryny döretmekde we özleşdirmekde, öndürilýän önümleriň hem-de hyzmatlaryň bäsdeşlige ukyplylygyny üpjün etmekde eýeçiligiň ähli görnüşli kärhanalarynyň we guramalarynyň gyzyklanmasyny ýokarlandyrmak arkaly gazanylýar. Şunda  bolsa işgärleriň intellektual işini höweslendirmegiň gurallaryny kämilleşdirmek möhüm ähmiýete eýedir. Milli intellektual eýeçilik ulgamy döredileli bäri ýurdumyz halkara  hyzmatdaşlyk babatda uly üstünlikleri gazandy. Munuň özi intellektual eýeçilik çygrynda halkara ulgama goşulmagymyza oňyn ýardam etdi. Häzirki wagtda biziň ýurdumyz intellektual eýeçilik babatda halkara konwensiýalaryň we ylalaşyklaryň ençemesiniň agzasydyr.

Kerim MYRADOW,

Türkmen döwlet maliýe institutynyň talyby.

Ýene-de okaň

Türkmen–rus gatnaşyklarynda daşary ýurt dilleriniň ähmiýeti

“Hakyda göwheri” – milli mirasymyzyň şöhratly ýoly

“Magtymguly–dünýäniň akyldary”

Saglyga sarpa – durmuşa sarpa

Saglyk – bagtyýar ýaşaýşyň gözbaşy

2025-nji ýyl – Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly

Ata Watan Eserleri