SPORT

Iň köp aýlyk alýan futbolçylar

Häzirki wagtda futbol äleminde futbolçylar köp aýlyk gazanýarlar. Angliýanyň “Premýer ligasynda” oýunçynyň ortaça aýlygy hepdede 51 müň funt bolup durýar. Emma oýunçylardan iň gowulary käbirlerinde az gazanýarlar. Biz bolsa sport okyjylarymyza köp aýlyk alyp, meýdançada az wagt geçirýän 5 oýunçynyň sanawyny hödürlemegimizi makul bildik.

Iň uly aýlykly we peýdasyz oýunçylaryň TOP 5-ligi:

Mesut Özil-hepdede 350 müň funt

Mesut Özil geçen möwsümde Angliýanyň “Premýer ligasynda” bary-ýogy 18 oýuna çykyp, 2 gezek ýardam pasyny we gezek tapawutlanmagy başardy.

 Garet Beýlhepdede 350 müň funt

Oýunçy Ispaniýanyň “Real Madrid” toparynyň “La Liga” çempionatynda 16 oýuna çykyp, 2 gezek ýardam pasyny we 2 gezek gol geçirmegi başardy. Garetiň şertnamasynyň tamamlanmagyna ýene-de iki ýyl wagt bar.

Gonzalo Iguain-hepdede 240 müň funt

Eger-de Kristiano Ronaldony hasaba almanymyzda, Iguain italiýanyň “Ýuwentus” toparynda iň köp aýlyk alýan futbolçy hasaplanylýar. Iguainyň “Ýuwentus” topary bilen şertnamasy ýene bir ýyl dowam etmeli. Häzirki wagtda hüjümçiniň ýakyn wagtlarda topary terk edip biler diýen ýaly habar berilýär.

Kepa Arrisabalaga – hepdede 150 müň funt

Dünýäniň iň gymmat bahaly derwezeçisi Angliýanyň “Çelsi” topary bilen şertnama baglanyşdy. Emma geçen möwsümde 41 oýuna çykyp, 58 gezek derwezesinden gol geçirtdi. Bu netijäni görkezenden soňra topar derwezeçisi bilen ýollaryny aýyrmak isleýär.

Kristian Benteke – hepdede 120 müň funt

Angliýanyň “Kristal Pelas” toparynda çykyş edýän hüjümçi toparyň düzüminde 75 oýuna çykyp, bary-ýogy 6 gezek tapawutlanmagy başardy. Belgiýaly oýunçynyň şertnamasy 2021-nji ýylda tamamlanýar.

 

 

 

Ýene-de okaň

2025-nji ýylyň jemleri: Elman Tagaýew möwsümiň “Iň ökde oýunçysy”

Türkmenistanyň Kubogy ugrunda bäsleşik badalga aldy

Ýaşlaryň arasynda Türkmenistanyň birinjiliginiň senenamasy

Türkmenistanyň futbol çempionaty 4-nji aprelde badalga alar

Ata Watan Eserleri

Tramp Messi bilen duşuşdy: “Belki Peleden has gowusyň?”

Dünýä çempionatynyň açylyş dabarasynda Meksikanyň Prezidentine meksikaly gyzjagaz wekilçilik eder