Imbiriň iýmitlenmezlige we aşgazanyň çişmegine 40% kömek edýändigi subut edildi.
Imbir aşgazan agyrysyna we ýürek bulanmagyna, aşgazanda we içegede ýaralary aýyrmaga täsir edýär. Içgeçmäniň öňüni alýar we içege kesellerini bejeriş häsiýetine eýedir.
Içegäniň tekiz myşsalaryny gowşatmak we iýmitiň içegelerden geçmegine ýol bermek bilen iç gatamagynyň öňüni alýar.
1980-nji ýyldan başlap, imbirň ýaralara we reflekslere ýeňilleşdiriji täsir edýändigi barasynda alymlar belleýärler.
Imbiriň ýürek we dem alyş ýollary üçin peýdalary
Imbiri yzygiderli ulanmak bilen insult we ýürek keseliniň peselmeginiň täsiri bolýar.
- LDL holesterini azaltmak häsiýetine eýe.
- Imbir ýagy dem gysma ýaly kesellere diýseň peýdalydyr
- Imbir Immunitet ulgamyny güýçlendirip, ýokançlyklara garşy göreşmäge kömek edýär.
- Imbir kömelek kesellerine garşy hem örän peýdaly ösümlikdigi subut edildi.
- Antiseptiki täsiri sebäpli aşgazan we içege ýokançlyklaryna, hatda iýmit zäherlenmelerine garşy täsirli.
- Nahardan soň sarp edilýändigi sebäpli, iýmit siňdirişini ýeňilleşdirýär we nahar wagtynda ýokarlanýan şeker derejesini peseldýär.
- Aşgazany köşeşdirmek bilen sarp edilýän iýmitleriň siňdirilmegini ýokarlandyrýar.
Hünärmenler nahardan öň iýilýän bir çaý çemçe owradylan imbir hem aşgazanyň boşalmagyny ýeňilleşdirýändigini we parazitleriň sanyny azaldýandygyny bellediler.
Amangeldi Hojamberdiýew,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk
uniwersitetiniň Oba hojalygynyň ykdysadyýeti
kafedrasynyň mugallymy.