MEDENIÝET

Ilkinji gezek Buker baýragy hekaýalar ýygyndysyna berildi

Hindistanly ýazyjy Banu Muştak hem-de terjimeçi Dipa Bhasti Halkara Buker baýragyna mynasyp boldy. 30 ýyldan gowrak döwürde ýazylan we gündelik durmuşy hem-de Hindistanyň günortasyndaky zenanlaryň göreşini açyp görkezýän 12 hekaýadan ybarat bolan “Ýüregiň çyrasy” atly hekaýalar ýygyndysy çeper edebiýat ugry boýunça Halkara Buker baýragyna mynasyp boldy.

Bu barada Buker baýragynyň eýesi, 5 emin agzalarynyň biri bolan Maks Porter habar berdi.

Ilkinji gezek Buker baýragy hekaýalar ýygyndysyna berildi. Bhasti – ilkinji hindi terjimeçisi hem-de 9-njy zenan terjimeçi hökmünde bu baýraga mynasyp boldy.

Hekaýalaryň awtory Banu Muştak bolsa, Halkara Buker baýragyna mynasyp bolan 6-njy zenan ýazyjydyr.

Hekaýalar ýygyndysy kannada dilinde ýazylyp, bu dil Hindistanyň günortasynda 65 milliona golaý ilat tarapyndan işjeň ulanylýar.

Hekaýalar ýygyndysyndan ybarat bolan kitapda 1990-2023-nji ýyllar aralygynda ýazylan hekaýalar orun aldy. Olar terjimeçi Bhasti tarapyndan saýlanyp alyndy hem-de redaktirlendi, şeýle hem terjimede Hindistanyň günorta böleginiň köp dilli tebigatynyň aýratynlyklaryny saklap galmak babatda tagall edildi.

Ýene-de okaň

Fransiýada Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň konserti geçirildi

Türkmenistanyň medeni mirasy Täjigistanyň Döwlet medeniýet we sungat institutynda görkezildi

Aşgabatda Russiýanyň kino festiwaly açyldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda aprel aýynda geçiriljek medeni çäreler

Ýur­du­myz­da des­san­çy bag­şy­la­ryň fes­ti­wa­ly ge­çi­ril­ýär

Türkmen suratkeşleriniň halkara üstünligi