DÜNÝÄ

Ilham Aliýew dalaşgär görkeziler

Azerbaýjan Respublikasynyň Prezidenti Ilham Aliýew 2024-nji ýylda geçiriljek nobatdan daşary prezident saýlawlary üçin dalaşgär görkeziler. Ilham Aliýew ýurduň “Eni Azerbaýjan” partiýasynyň dalaşgäri hökmünde saýlawlara gatnaşar.

Bu barada partiýanyň başlygnyyň orunbasary – merkezi geňeşiň ýolbaşçysy Tahir Budagow habar berdi.

Mälim bolşy ýaly, golaýda Azerbaýjanda nobatdan daşary prezident saýlawlarynyň geçiriljekdigi yglan edilipdi. Prezident Ilham Aliýew bu baradaky resminama gol çekdi.

Nobatdan daşary prezident saýlawlary 2024-nji ýylyň 7-nji fewralynda geçiriler.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň bilen Türkiýe Respublikasynyň arasynda geňeşmeler geçirildi

Türkmen-türk hyzmatdaşlygy ara alnyp maslahatlaşyldy

Türkmenistanyň daşary işler ministri Hindistanda saparda bolýar

GDA döwletleri agyr senagaty ösdürmek boýunça hyzmatdaşlyk eder

Ata Watan Eserleri

Saud Arabystanyna 1,5 milliondan gowrak haj zyýaratçysy bardy

Türkmenistan BMG-niň Ykdysady we durmuş geňeşiniň agzalygyna saýlandy

Ata Watan Eserleri