ATAWATAN ESERLERİ

Iki ejem

(Oýlanma)

 Ynsanyň durmuşynda, onuň ýaşan döwründe kynçylyklaram, şowlulyklaram bar. Men siziň ähliňize durmuşyňyzda diňe şowlulyklaryň ýar bolmagyny beýik Biribardan dileg edýärin.

Meniň durmuşymda-da şeýle waka boldy. Meniň atam obamyzyň suw miraby bolupdyr. Atam pahyr ir aradan çykansoň enem iki ogly Rejepmyrat hemde Gurbanmyrat bilen ýeke galýar. Enem çagalarynyň ikisine-de gije diýmän, gündiz diýmän il hataryndan kem etmejek bolup zähmet çekýär. Çagalaryny okuwly edip bilmese-de, öz deň-duşlaryndan kem saklamaýar. Enem uly ogly Rejepmyrady öýerip öýli-işikli edensoň, bu maşgalanyň şatlygy goşalanýar. Aradan bir aý töweregi geçip-geçmänkä Rejepmyrat Watanyň goragy üçin urşa ugramaly bolýar. Urşa giden esgeriň yzyndan hat-habar gelip dursa-da, Rejepmyradyň ýoklugy bu maşgalanyň ýalňyz ünjüsidi. Ynha günlerde bir gün bu ýagty jahan agzybir maşgalany tümlügi bilen gurşaýar. Rejepmyradyň yzyndan onuň duşmanlar bilen çaknyşykda agyr ýaralanyp, aradan çykanlygy baradaky ajy habary, üçburç hata salyp Gurbanmyrada getirip berýärler. Agasyny aldyran ini bu ajy habary hiç kime bildirmän gizlemegi ýüregine düwüp, ot-iým saklanýan bassyrmalarynyň üsti basyrlan agaçlarynyň arasynda gizleýär. Gurbanmyrat haty gizlese-de, ejesinden we gelnejesinden gizlin aglasa-da, bu zatlaryň uzak wagtlap gizlin bolmajagyny boýnuna alýardy. Bu hakykatdanam şeýle hem boldy. Günlerde bir gün Rejepmyradyň gelni Enetäç öz işlerine gümra bolup ýörkä, biwagt öwsen şemal agaç astynda ýatan ajy habaryň aýan bolmagyna sebäp bolýar. Ajy habaryň agaçlaryň arasynda ýatanyna bir ýyldan hem gowrak wagt geçipdi. Enetäç bu haty okap demi-demine ýetmän gülýaglygyny ýaşa ezip gaýnynyň ýanyna at saldy.

Her kim gitdi maşgaladan aýrylyp

Ýar gözlerni ýaşa ezdiň aýralyk

Ak gündizler tümli gijä öwrülip

Ýarym gitdi gara guma garylyp

Janym gitdi ah aýarlyk, aýralyk

Bagryndan önen çagasyny aldyran ene, bir ýassyga başyn goýýan söwer ýary umytly gözlerini ýola dikip oturan hem bolsa, bu ajy habaryň üstünden aýlar aýlanyp, ýyllar geçen hem bolsa ölüm-ölüm bolýar ahyry. Bu wakadan soň üç-dört ýyl geçenden soň ogluny enesinden, ýaryny ýaryndan aýyran beýik Watançylyk urşy hem ýeňiş bilen tamamlanýar. Uruş ýeňiş bilen tamamlansa-da, Rejepmyrat gaýdyp gelmese-de gelni Enetäjiň ýaryna bolan söýgisi ýaşap ýördi. Günler ötüp, aýlar geçip dur. Gelni bilen gaýny ikisi indi Gurbanmyrady öýerip il hataryna goşmagyň ugruna çykdylar. Bular belli bir karara gelensoň Gurbanmyrada sala salyp Rejepmyradyň jana-jan dosty, çagalyk ýoldaşy Nediriň uýasy Aýgözeli sorap bulara sawçylyga gitmegi ýüregine düwdüler. Aýgözel olaryň gözüniň ýetip duran maşgalasydy. Gurbanmyradyň ejesi hem-de gelnejesiniň Gurbanmyrat üçin Aýgözeli sorap gelenlerine garşy bolup durmadylar. Aýgözel Nediriň ýeke uýasydy. Nedir hem öz maşgalasy bilen hoşlaşyp, Rejepmyrat bilen urşa gidip, jana-jan dostuny aldyryp, urş tamamlanandan soň ýeňiş bilen öýüne dolanyp gelipdi. Nedir öz uýasynyň çagalyk dostunyň öýüne gelin bolup barmagyna garşy bolup durmady. Şeýdip bularyň toý sähedi bellendi. Aýgözel Gurbanmyrada gelin bolup baransoň özüniň alçaklygy, mylaýymlylygy, işewürligi bilen Gurbanmyradyň, onuň ejesiniň hem-de gelnejesiniň göwnünden turup tiz wagtyň içinde bu agzybir maşgala garylyp gitdi. Gurbanmyrat bilen Aýgözeliň ilkinji gyz perzentleri dünýä inende gelnejesi Enetäç “Balajygymyň gözleri edil Rejepmyradyňky-da, bu diňe siziň gyzyňyz däl, bu meniň hem gyzym” diýip, gözlerinden çalaja syrygan göz ýaşyny süpürdi-de, çalaja ýylgyrdy. Gurbanmyrat bolsa “Wah gelnejemjan meň çagalarymyň bir ejesi dälde iki ejesi bolar, eger oglum bolsa adyna agamyň adyny goýjak”  diýdi-de, agasy Rejepmyradyň  zürýatsyz ýagty jahan bilen hoşlaşanyna köňli bozuldy. Ondan soňra ençeme ýyllar geçdi. Gurbanmyrat bilen Aýgözeliň ýene-de bir gyzy, üç ogly dünýä indi. Iň uly ogullaryna bolsa agasy Rejepmyradyň adyny dakdylar. Aýgözel bäş perzendi gyzgyn mähri bilen söýýän bolsa, Enetäç hem bu çagalary balam, guzum diýip ondan pes söýenokdy. Enetäç çagalar üçin öz ejesinden kem däldi. Päk söýginiň alawyny öçürmän, ýarynyň ojagyny halallygy bilen saklan bäş çagany öz bagryndan önen dek gyzgyn mähri bilen söýen şeýle zenana çagalaryň ählisi ejem diýdiler.

Ganat gerdiň, saýa saldyň jöwzada

Ýaz bolup ýylgyrdyň, gyş güni eje

Hem öz derdiň çekdiň, hemde perzendiň

Hem çekdiň maşgalaň derdini eje

Bu ýagty jahanda enäniň söýgüsinden beýik söýgi, mukaddes söýgi ýok bolsa gerek. Goý dünýä dursun, mähriban enelerimiz we olaryň ölmez ýitmez beýik söýgüsi dursyn.

 

 

Döwletgeldi Gullyýew, Türkmenistanyň Goranmak ministrliginiň

Harby-deňiz institutynyň 4-nji ýyl harby talyby.

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

 

Hormatly okyjylarymyz!

Ýeňijini saýlamaga goşant goş!

Bu eser şeýle hem biziň resmi Instagram hasabymyza ýerleşdirildi. Gök ýazylan ýerden  bäsleşige hödürlenen we saýtymyza ýerleşdirilen ähli eserleri okap bilersiňiz. Şol ýerden bu we beýleki eserleriň biziň Instagram hasabymyzdaky linkine  girip,  şol ýerden  halan eseriňize “like(halanan)” goýup we “teswir” ýazyp, şol  eseriň has köp okalmagyna goşant goşup bilersiňiz!

Siz eger bu eseri halan bolsaňyz, onda, bu eseri (we linkini) özüňiziň IMO, Facebook, Twitter we beýleki hasaplaryňyzdan halk köpçüligine ýetirip bilersiňiz!

Bu tagallaňyz Siziň halan eseriňiziň ýeňiji bolmagyna öz täsirini ýetirer.

                   

 

 

 

Bäsleşige hödürlenen ähli eserleri okamak üçin gök ýazylan ýere ýa-da aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Siziň Söýgüli Setirleriňiz: Ähli Söýgi Eserleri

 

Ähli eserleri aňsat okamak üçin Täze Applikasiýa: Ata Watan Türkmenistan applikasiýany özüňiziň Android ulgamly mobil telefonyňyza ýükläň! Ýakyn wagtda IOS ulgamynda hem applikasyýamyz hereket edip başlar. Applikasiýany ýüklemek üçin aşakdaky suratyň üstüne basyň!

Okap bilersiňiz  Söýgiden dörän eserler

 

Söhbetdeşlik Sahypamyz

Ýurdumyzyň sungat ussatlary bilen taýýarlanan bir-birinden gyzykly söhbetdeşlikleri bu sahypamyzdan okap bilersiňiz!

Ýene-de okaň

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi üçin minnetdarlyk

Ata Watan Eserleri

“Atavatan Türkmenistan” halkara žurnalyna minnetdarlygymyzy bildirýäris

Ýeňijilere baýraklary gowşurylýar

Ata Watan Eserleri

“Ata Watan Eserleri”: ÝEŇIJILER BELLI BOLDY

“Ata Watan Eserleri” bäsleşigi: ýeňijiler ertir belli bolar

“Ata Watan Eserleri”: 53 eser bäsleşýär

Ata Watan Eserleri