DÜNÝÄ

Hytaýyň bilim ministriniň orunbasarynyň Aşgabada sapary

Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň Aşgabada iş sapary bilen gelen Hytaý Halk Respublikasynyň bilim ministriniň orunbasary Sun Ýao bilen duşuşygy geçirildi.

Duşuşygyň barşynda taraplar häzirki wagtda iki döwletiň Baştutanlarynyň yzygiderli ýokary derejedäki duşuşyklarynyň amala aşyrylmagynyň netijesinde türkmen-hytaý strategik hyzmatdaşlygyň dürli ugurlar boýunça depginli ösdürilýändigi bellenildi.

Şeýle-de, Türkmenistan bilen Hytaýyň arasynda bilim ulgamynda hyzmatdaşlygyň yzygiderli ösüş we netijeli häsiýete eýedigi nygtaldy. Munuň şeýledigini iki tarapyň ýokary okuw mekdepleriniň wekilleriniň birek-biregiňkä amala aşyrýan saparlary, bilelikdäki maslahatlaryň, seminarlaryň, forumlaryň we sergileriň geçirilmegi subut edýär.

Şunuň bilen birlikde, hünärmenleri taýýarlamak, olaryň alyş-çalyşygy, maglumat howpsuzlygy boýunça bilim we maslahat beriş çäreleriniň geçirilmegi babatynda hyzmatdaşlygyň güýçlendirilmeginiň meseleleri maslahatlaşyldy. Gysga we uzak möhletleýin ylmy-barlag hem-de bilim maksatnamalarynyň, lukmançylyk, oba-hojalygy, ekologiýa, nanotehnologiýalar, syýasaty öwreniş we başga ugurlar boýunça okuw sapaklarynyň hem-de maslahatlarynyň gurnalmagynyň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.

Söhbetdeşler Hytaý Halk Respublikasynyň Bilim ministriniň orunbasarynyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýetiň ýurdumyza amala aşyran şu gezekki sapary bilim ulgamyndaky hyzmatdaşlygyň mazmunyny baýlaşdyrmakda ähmiýetli waka öwrüljekligi hem-de Türkmenistan bilen Hytaýyň ýokary okuw mekdepleriniň arasyndaky gatnaşyklary berkitmäge kuwwatly itergi berjekdigi hakynda bellediler.

Ýene-de okaň

IFT 2026: ikitaraplaýyn duşuşyklar we gol çekilen resminamalar

Türkmenistan Gruziýadaky Halkara Nowruz gününiň dabaralaryna gatnaşdy

Türkmenistan Belgiýanyň “CULeuven” uniwersitetinde tanyşdyryldy

Ata Watan Eserleri

Türkmenistan bilen Özbegistan awtomobil ýollaryny gurmak babatda hyzmatdaşlygyny berkidýär

Merkezi Aziýa-Koreýa Respublikasy birinji sammitine taýýarlyk görlüp başlandy

CNPC: Türkmenistan bilen gaz hyzmatdaşlygymyz dowam eder

Ata Watan Eserleri