Hytaý tarapy Türkmenistan bilen sport ugurly hyzmatdaşlygy işjeňleşdirmäge-de aýratyn ähmiýet berýär. Şundan ugur alyp, biz ýurduň Bedenterbiýe we sport baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirip, sport ulgamynda hyzmatdaşlygy ösdürmek barada özara düşünişmek hakynda hökümetara Ähtnamany amala aşyrmagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdyk. Türkmen kärdeşlerimiziň haýyşy boýunça ýakyn geljekde türkmenistanly türgenleri taýýarlamak üçin hytaý tälimçisini ibermegi hem göz öňünde tutýarys – diýip, HHR-iň Sport boýunça baş býurosynyň direktory Gao Çžidan belläp geçdi.
“Türkmenistan” gazetiniň habar bermegine görä, Hytaýyň sport boýunça baş direktory Aziýa yklymynyň sport jemgyýetçiliginiň ýakyndan goldamagynda golaýda Huançžou şäherinde Aziýa oýunlary üstünlikli geçirilendigini, munuň özi hasap boýunça Hytaýda geçirilen Aziadalaryň üçünjisi bolup, türgenlere öz ukyp-başarnyklaryny görkezmek, Aziýa ýurtlarynyň halklarynyň arasynda dostlugy has-da berkitmek üçin netijeli meýdança öwrülendigini belledi.
Bu iri sport baýramçylygyna 88 adamdan ybarat bolan Türkmenistanyň milli ýygyndysynyň gatnaşmagy bizi örän begendirýär. Şunda türkmen türgenleriniň dzýudo we sport göreşi boýunça görkezen ajaýyp netijeleri aýratyn üns çekilmäge mynasypdyr. Şu nukdaýnazardan, hytaý tarapynyň sport ulgamynda gol çekilen hökümetara resminamany bilelikde durmuşa geçirmek, sportuň dürli görnüşlerini ösdürmek, Aziýa yklymynda we halkara giňişlikde sport hereketini ýaýbaňlandyrmak babatda türkmen tarapynyň wekilleri bilen yzygiderli dialogy goldamaga taýýardygyny tassyklaýarys -diýip, hytaýyň ygtyýarly wekilli aýtdy.