TEHNOLOGIÝA

Hytaýly kompaniýalarynyň ulag taslamalary

Hytaýyň awtoulag öndürijisi “Chery” we Hytaýyň “Huawei” tehnologiýa kompaniýasy akylly awtoulag ulgamlaryny gurmak üçin bilelikdäki hyzmatdaşlyk şertnamasyna gol çekişdiler. Bu şertnamanyň iş ugry örän giň we geljegi uly görünýär. Bular bortdaky kompýuterler, awtouçarmanlar we 5G aragatnaşyk, akylly energiýa dolandyryşy, şeýle hem geljekde awtoulag pudagyna täsir etjek islendik taslamalary durmuşa geçirmek isleýärler.

“Huawei” kompaniýasy eýýäm “Chery” awtoulag öndürijisi bilen hyzmatdaşlykda bolupdyrlar. “Chery” awtoulag öndüriji kompaniýasy öz gezeginde “GAC Group”, “Beijing Automotive Group”, “Great Wall”, “BYD” we beýleki hytaý awoulag öndürýän kompaniýalar bilen hyzmatdaş bolup, özleriniň tejribelerini paýlaşypdyrlar. “Huawei” kompaniýasy hödürlenen hyzmatdaşlykdan ýüz öwürmän, eýsem awtoulag pudagyny işjeň ösdürmeli diýip, belläp geçdi.

 

Sport Sahypamyz

Ýaşlarymyzyň iň köp okaýan habarlarynyň arasyndan sport habarlary uly meşhurlyga eýedir. Ýaşlar bu sahypa Siziň üçin!

Ýene-de okaň

Täze kuwwatly ýük teplowozy gelip gowuşdy

Türkiýe emeli aň taslamalary üçin 10 milliard dollar hususy maýa goýumyny gönükdirer

“TEX” sanly logistika platformasy işe girizildi

ABŞ Türkmenistan bilen emeli aň ulgamynda hyzmatdaşlyga taýýar

«Türkmentelekomyň» garamagynda Emeli aňyň ösüşi boýunça Merkezi döretmek göz öňünde tutulýar

Türkmenistanyň gümrük ulgamynda emeli aň tehnologiýasy işe girizildi