SYÝAHATÇYLYK WE SAGLYK

Hytaýda koronawirusa garşy ilkinji tabletka öndürildi

Hytaý Halk Respublikasynda koronawirus ýokanjyny bejermek üçin ilkinji tabletka görnüşindäki derman serişdesi işlenip düzüldi. Bu derman serişdesi Hytaýyň “Fosun Pharmaceutical Group” farmasewtika kompaniýasy tarapyndan taýýarlandy.

“Azwudin” atly tabletka görnüşindäki derman serişdesi Hytaýyň Haýnan we Sinszýan-Uýgur awtonom etrabynda dolanyşyga girizildi.

Hytaýyň kompaniýasynyň habar bermegine görä, bu derman serişdesi koronawirus ýokanjyna duçar bolan we ony agyr däl görnüşde geçirýän nassaglarda peýdalanylar.

“Azwudin” derman serişdesi Hytaýyň Azyk önümleri we derman serişdelerini gözegçilik edýän gullugy tarapyndan tassyklandy.

Şeýle hem Hytaýyň saglygy goraýyş boýunça döwlet komiteti geçen hepde bu derman serişdesini koronawirus ýokanjyna garşy bejerginiň tewsirnamasyna goşdy.

Related posts

THY: Stambul-Türkmenbaşy ugry boýunça nobatdaky ýörite gatnaw

Türkmenistan bilen Awstriýa saglyk ulgamynda hyzmatdaşlyk eder

Ata Watan Eserleri

Moskwada örtük dakynmak düzgüni ýatyrylýar

Ata Watan Eserleri