MEDENIÝET

Hytaý telewideniýasynda Türkmenistan barada dokumental filmler görkeziler

Türkmenistanyň Pekindäki ilçisi Parahat Durdyýewyň «CHINA MEDIA GROUP» döwlet agentliginiň, CCTV kanalynyň, «The Beauty of Shared Arts» programmasynyň baş prodýuseri Fan Tin we onuň topary bilen duşuşyk geçirildi.

Duşuşygyň esasy maksady Hytaýda Türkmenistan barada gürrüň berýän on bir sany 90 minutlyk dokumental filmlerini görkezmekden ybarat boldy. Filmler türkmen halkynyň medeni-taryhy we ruhy gymmatlyklaryna bagyşlanar. Filmi oktýabr aýynda Hytaý telewideniýasynda görkezmek meýilleşdirilýär.

Duşuşygyň dowamynda ýaýlymyň baş redaktory Şao Wenýao hytaý telewideniýasynyň işgärleri türkmen halkynyň medeni mirasy barada 90 minutlyk filmiň düşürilýändigini we onuň Hytaýyň millionlap auditoriýasyna görkeziljekdigini aýtdy. Parahat Durdyýew Türkmenistanyň taryhy-medeni mirasy, şol sanda dünýä belli türkmen halylary we ahalteke bedewleri, şaý-sepler we milli el işleri barada gürrüň berdi.

Şeýle hem duşuşyga gatnaşyjylar türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň haly dokamak sungatyna, ahal teke bedewlerine we beýleki milli gymmatlyklara bagyşlan kitaplarynyň ähmiýetiniň uludygyny belläp geçdiler. Bu kitaplar dürli dillere terjime edilip, daşary ýurtly okajylar üçin hem elýeter boldy.

Duşuşygyň ahyrynda türkmen ilçisi hytaýly myhmanlara türkmen halkynyň Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedowyň «Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi», «Ganatly bedew», «Atda wepa-da bar, sapa-da» atly kitaplaryny sowgat berip, olara işlerinde üstünlik arzuw etdi.

Ýene-de okaň

Dünýäniň iň kiçi aty rekordlar kitabyna girizildi

Ata Watan Eserleri

Türkmen kinosy «Göwher kebelek» kino baýragyna mynasyp boldy

Täze tapylan taryhy gymmatlyklar ýurdumyzyň muzeýlerine tabşyryldy

Meksikanyň wekili “Älem gözeli-2025” bäsleşiginiň ýeňijisi boldy

Ata Watan Eserleri

17-nji noýabr – Bütindünýä baklawa güni

Saragt Babaýewe Türki dünýäniň Çeperçilik sungatlary akademiýasynyň akademigi diýen hormatly at dakyldy