SIZDEN GELENLER

Hormatly Prezidentimiziň kitaplary watançylyk duýgularyny terbiýelemegiň çeşmesi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow:

  • Biz öz ýolumyzy tapdyk we şol ýol bilen gyşarnyksyz ýöräp barýarys. Häzirki döwürde eziz Diýarymyzyň dünýäde parahatçylygy goramakdaky ornuna men ýürekden guwanýaryn. Meniň öz ýurdumyň goragynda bolup, baş maksadym hem ynsanlaryň arasynda gadyrlylygyň saklanmagyndadyr. Biziň halkara syýasatymyzda alyp barýan işlerimiz barha rowaçlanýar. /“Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy”, sah. 74, 221/

 2021-nji  “Türkmenistan – parahatçylygyň we ynanyşmagyň Watany” diýip yglan edilen ýylynda, şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk ýubileýiniň bellenjek senesinde türkmen halkynyň taryhyna, medeniýetine, özboluşly däp-dessurlaryna ýene-de birnäçe ajaýyp sahypalaryň ýazylmagy nesip etdi. Jemgyýetimizi mundan beýläk hem ruhy taýdan ösdürmek, milli maddy we maddy däl gymmatlyklarymyzy wagyz etmek, türkmenleriň gadymy däp-dessurlaryny ýitirmän saklamak boýunça köptaraplaýyn işleriň täze depgine eýe bolýandygynyň, hiç bir milli serhedi bolmadyk halkara gatnaşyklary ösdürmekde Alym Arkadagymyzyň gymmatly goşandynyň şaýady bolmak örän buýsançlydyr. Bularyň ählisi Garaşsyzlygyň we Bitaraplygyň maksatlarynyň düşündirilmegine, gadymy däplerimize, medeni mirasymyza esaslanýar.

Parahatçylyk we ynanyşmaklyk –  asyllylygyň, agzybirligiň, jebisligiň, berkararlygyň, bagtyýarlygyň we döwletliligiň nyşany. Döwletliligi baş ýörelge edinen türkmen halky bu gün şanly Garaşsyzlygymyzyň 30 ýyllyk toýuna uly il bolup taýýarlyk görýär. Türkmenistanyň Prezidenti hormatly Gurbanguly Berdimuhamedow ýurt başyna geçen ilkinji gününden başlap, ýaşlary milli tutumymyzyň esasynda terbiýelemek, olara dürs ýol-ýörelge görkezmek maksady bilen bahasyna ýetip bolmajak ençeme eserleri sowgat berýär we ol eserleriň gadyr-gymmaty gün-saýyn artýar. Ösüp gelýän ýaş nesil uly güýç bolsa, Arkadagymyz ol güýji has-da güýçlendirmekde ägirt uly tagallalary edýär. Ýurdumyzda bolup geçýän şanly wakalar Milli Liderimiziň eserlerinde Günüň nury kimin şöhlelenýär. Garaşsyz, hemişelik Bitarap Türkmenistan döwletimiz barha ösýär, özgerýär, kämilleşýär, güýçlenýär. Merdana türkmen halky günsaýyn Garaşsyzlygyň, Bitaraplygyň, parahatçylygyň gadyr-gymmatyny bilip, duýup, maňlaýyna sylyp ýaşaýar.

Hormatly Prezidentimiz Gurbanguly Berdimuhamedowyň “Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitabynda halkymyzyň meşhur hem söýgüli senediniň ussatlarynyň biri bolan beýik türkmen sazandasy Şükür bagşy barada söhbet edilýär. Döwletimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüji, hoşniýetli goňşuçylyk syýasaty bilen özara utgaşdyrylyp beýan edilýän bu eser milli Liderimiziň ähli watandaşlarymyza parahatçylyksöýüjilik, watansöýüjilik, ynsanperwerlik baradaky röwşen pikirleri – sungatymyzy, medeniýetimizi,  milli mirasymyzy  öwrenmekde, ýaşlara milli äheňde terbiýe bermekde wajyp çeşme bolup hyzmat etdi we şeýle bolmagynda galýar. Bu kitapda Gahryman Prezidentimiz türkmen halk aýdym-saz sungatynyň baý dünýäsi hakynda gürrüň berýär. Gadymy  aýdym-saz sungatymyzyň üsti bilen ýaş nesli Watançylyk, parahatsöýüjilik ruhunda terbiýelemegiň esaslaryna ünsi çekýär.

Türkmen halky hemişe-de  parahatsöýüji, ynsanperwer halk bolupdyr. Parahatsöýüjilik – bu watançylyk terbiýesiniň esasy alamatlarynyň biridir.    Parahatsöýüjilik ýörelgesi halkyň milli terbiýesinden gözbaş alýar, milli terbiýe bolsa asyrlar boýy kämilleşdirilip, ösdürilip şu günlere getirilen esasy gymmatlykdyr.  Parahatsöýüji  türkmen halky hemişe-de, öz iliniň parahat ýaşaýşy ugrunda göreşip, şu ajaýyp zamanany arzuwlap gelipdir. Bu babatynda hem,   kitapda Şükür bagşynyň keşbinde iliň bähbidini öz bähbidinden ileri tutýan, ynsanperwer, kämil ynsan suratlandyrylýar. Ol türkmen saz sungatynyň islendik  güýçden rüstemdigine tüýs ýürekden ynanýar.  Her näçe töwekgelligi talap edýänem bolsa, ol şanyň gaşyna iň ýiti ýaragy – öz sazy bilen çykmagy ýüregine düwýär. Şükür bagşynyň öz janyny aýaman, diňe sungatyna bil baglap, ýola çykmagynda türkmen ýigidine mahsus bolan edermenlik, batyrgaýlyk, merdanalyk, gaýduwsyzlyk ýaly gylyk-häsiýetler aýdyň duýulýar. Bu bolsa halkymyzyň saz sungatyna, medeniýet äleminiň üstünligine örän uly hormat goýýandygynyň aýdyň subutnamasydyr. Kitabyň tutuş dowamynda baş gahrymanyň – Şüküriň özüni alyp barşy, dogry ýol saýlaýşy, ugurtapyjylygy,  sungata bil baglaýşy aýdyňlaşdyrylyp, bu barada: “Meniň üçin Şükür bagşynyň keşbi filosofiki jähetden örän köp taraply bolup görünýär. Ýöne men şu keşpde jemlenen we ony çeper ýordumyň hem-de döwrüň çäklerinden has uzaklara alyp çykýan ideýanyň ählumumy ähmiýetiniň bardygyny bellemek isleýärin. Bu ideýa-sungatyň parahatçylygy döretmek wezipesi hem-de, umuman, parahatçylygy döretmek sungaty baradaky pikirdir. Bolup geçen bu wakada parahatçylygy döretmek ideýasy sazandanyň keşbinde öz beýanyny tapýar. Sebäbi, bagşy-sazandalar biziň halkymyzyň kalbyny açyp görkezijiler hasap edilipdir” – diýip, örän ussatlyk bilen belläp geçýär [sah. 26].

Türkmen halkynyň hiç bir halkyňka  meňzemeýän milli aýratynlyklary bar. Ata-babalarymyz müňýyllyklaryň dowamynda durmuş mekdebiniň özboluşly kada–kanunlaryny işläp,  umumyadamzat ýol-ýörelgelerine, edim-gylymlaryna, medeniýetine saldamly goşant goşupdyrlar. Jemgyýetde özüňi alyp barmagyň belent nusgasyny görkezipdirler. Şonuň üçin halkyň medeniýeti, sungaty, däp-dessurlary özünde adamzat häsiýetleriniň iň gowy sypatlaryny jemleýändigi  inkär edip bolmajak hakykatdyr. Gözbaşyny gadymdan alyp gaýdýan türkmen halkynyň milli däp-dessurlary, edep-kadalary ýaş nesliň milli terbiýesi bilen berk baglanyşyklydyr. Halkymyzyň ýaş nesli terbiýelemekde asyrlarboýy kämilleşen asylly däpleri bolupdyr we ýaş nesliň akylly, asylly, sagdyn, dogruçyl, ruhubelent, zähmetsöýer, watansöýüji ýaşlar bolup ýetişmekleri üçin uly alada edipdirler. Nesil terbiýesi örän çylşyrymly hem-de jogapkärli mesele bolmak bilen, ony ýaş nesliň kalbyna ornaşdyrmakda ata-babalarymyz ençeme özboluşly ugurlary, usullary saýlap alypdyrlar. Türkmen halky ýaş nesliň milli terbiýäniň esasynda kemala gelmegine uly ähmiýet beripdir. Terbiýe adam dünýä inen gününden has köp ozal başlanýar we ol dünýäden ötenden soňam neberelerine mekdep bolup galýar. Kitapda beýan edilýän Şükür bagşynyň bu gahrymançylykly hereketi häzirki döwürde-de Arkadagymyzyň ony açmagy bilen bahasyna ýetip bolmajak mekdep bolup hyzmat edýär.

Döwlet Baştutanymyz kitabyň jemleýji bölüminde okyjynyň öňünde esasy netijäni açýar: adamzadyň öňünde kyn we çylşyrymly soraglaryň ýene-de örboýuna galýan wagtynda antiki döwürde dörän “Toplar gümmürdeýärkä, sungatlar dymmak bilendir” diýen meşhur jümläni täzeçe ugrukdyryp, ony: “Sungatlar söhbetleşýärkä, toplaryň sesi çykmaýar!” diýen görnüşe getirmegiň wagtynyň ýetip gelendigine ynanýar we ynandyrýar (sah.269).

Gahryman Arkadagymyzyň bize sowgat beren parahatsöýüjilik, watansöýüjilik baradaky ajaýyp duýgulara ýugrulan ”Parahatçylyk sazy, dostluk, doganlyk sazy” atly kitaby sungatymyzy, milli mirasymyzy düýpli öwrenmekde, ösüp gelýän ýaş nesilde medeniýetimize sungatymyza  bolan sarpany we höwesi  kemala getirmek we terbiýelemekde esasy ylmy çeşme bolup durýar.

Bizi has-da gyzyklandyrýan eserler – Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän eserlerdir. Institutymyzyň talyplary bilen internet otagynda yzygiderli işleýäris. “Türkmenistanyň Prezidentiniň eserleriniň elektron kitaphanasynda” Arkadagymyzyň ähli eserleriniň sanawy we olaryň elektron görnüşi bar. Milli Liderimiziň her bir eserini gyzgyny bilen okamak, olar bilen şahsy kitaphanamyzyň goruny dolduryp durmak bilim ojagymyzda bireýýäm asylly däbe öwrüldi.

Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen Döwlet mugallymçylyk institutynyň talyplary bilen pedagogika dersinde Arkadagymyzyň eserlerini elimize galam alyp, çuňňur öwrenýäris. Ýörite döredilen “Arkadagymyzyň eserlerini öwrenmek üçin” iş depderimize terbiýeçilik ähmiýetli mysallary sahypasyny bellige alyp ýazýarys. Dersiň temalaryna degişli maglumatlary Arkadagymyzyň eserlerinden alnan mysallar bilen berkidýäris. Geljekki mugallymlaryň Milli Liderimiziň eserlerini ilik-düwme öwrenmegi olara mugallymçylyk tejribeligi döwründe hem nesil terbiýesinde iňňän peýdaly gor bolup hyzmat edýär. Bu bolsa internetiň, sanly tehnologiýalaryň XXI asyrda gymmatlygyň aýrylmaz bölegi bolup, asla terbiýeçilik  ähmiýetini ýitirmeýän kitaba bolan gatnaşygydyr.

Goý, parahatçylyksöýüjilik, watançylyk duýgularyny terbiýelemegiň çeşmesi bolan ajaýyp eserleri bize peşgeş berýän Milli Liderimiziň belent başy aman, ömri uzak bolsun, alyp barýan beýik işleri rowaçlyklardan rowaçlyklara beslensin!

 

            Aýjemal Rahimowa, Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň

                                             pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň mugallymy.                                                                                                                   

  Gozel Açilowa, Seýitnazar Seýdi adyndaky TDMI-niň

pedagogika we psihologiýa kafedrasynyň mugallym-stažýory.

 

 

Otly gatnawy boýunça bilip goýmaly düzgünler

 

 

Ýene-de okaň

Milli hakydanyň göwher şuglasy

Magtymguly Pyragy we Bitaraplyk

Magtymguly Pyragy-dünýä şahyry

Nebitgaz pudagy – geljegi uly senagat

Dil bilen dünýä giňişligine açylýarys

Ylym we bilim – ösüşleriň ganaty