JEMGYÝET

Hormatly Prezidentimiz Maryda sadaka berdi

28-nji fewralda hormatly Prezidentimiz Mary welaýatyna iş saparyny amala aşyryp, sebitiň baş metjidinde – Gurbanguly hajy metjidinde berlen sadaka gatnaşdy. Milli Liderimiz özüniň döreden Türkmenistan, onuň gadymy taryhy, özboluşly medeni däpleri we häzirki güni barada gürrüň berýän ajaýyp eserleriniň galam hakyndan düşen serişdeleriň hasabyna sadaka berdi.

Hormatly Prezidentimiz ýygnananlar bilen salamlaşyp, Mary welaýatynda ata Watanymyzyň rowaçlygy, il-günümiziň abadançylygy we asudalygy üçin, şeýle hem welaýatyň baş metjidiniň öňki ymamy, Türkmenistanyň il ýaşulusy Şamyrat agany ýatlap, sadaka berilýändigini belledi.

Soňra milli Liderimiz mukaddes Mekgeden özüne ýadygärlik sowgat diýlip iberilen keramatly Käbäniň ýazgysy bolan örtügiň ajaýyp ylahy gymmatlyk hökmünde Mary welaýatynyň baş Metjidinde goýulýandygyny aýtdy.

Şeýle hem bu ýerde — Gurbanguly hajy metjidinde keramatly teperrik goýuldy. Mälim bolşy ýaly, bu keramatly teperrik ýurdumyzyň ähli metjitlerinde goýlup, oňa halkymyz uly hormat bilen tagzym edýär.

Şeýle hem milli Liderimiziň adyndan Marynyň baş metjidine awtoulag sowgat berildi.

Ýene-de okaň

Özbegistanyň daşary işler ministri Aşgabada geldi

Türkmenistanda Halk Maslahatynyň nobatdaky mejlisini geçirmäge taýýarlyk işleri başlady

Türkmenistanda ýokary derejeli halkara duşuşyklar we GDA-nyň döwlet Baştutanlarynyň sammiti geçiriler

Türkmenistanyň Prezidenti Katar Döwletiniň Emirine gynanç bildirdi

Dalaşgär-2026: ýokary okuw mekdepleriniň sanawy

Ata Watan Eserleri

Ispaniýa ýarym finalda Fransiýa bilen duşuşar