JEMGYÝET

Hormatly Prezidentimiz Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Halkara Forumda çykyş etdi

Türkmenistanyň Prezidenti Gurbanguly Berdimuhamedow ykdysady hyzmatdaşlygyň ara alnyp maslahatlaşylmagy üçin netijeli meýdança öwrülen Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Halkara Forumyna gatnaşyjylara wideoýüzlenme bilen çykyş etdi.

Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçihanasynyň “Instagram” jemgyýetçilik torunda ýerleşdirilen maglumat görä, milli Liderimiz 3-nji gezek geçirilýän Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Halkara Forumyna onlaýn tertipde gatnaşdy.

Seul şäherindäki “Şilla Seul” myhmanhanasynda geçirilýän Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça III Halkara Forumy köptaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm meýdançasy bolup durýar.

“Ykdysady hyzmatdaşlygyň 30 ýyllygy:Parahatçylygyň we abadançylygyň geljegine tarap” atly mowzukda geçirilýän forumda pandemiýadan soňky döwürde ýüze çykýan kynçylyklary gözden geçirmäge mümkinçilik döredýän ýörite, işewür we maliýe hyzmatdaşlyk ýaly mejlisler arkaly geçirilýär.

Günorta Koreýanyň Koreýa halkara söwda birleşigi (KITA), Koreýa Söwda-maýa goýumlaryny ösdürmek gullugy (KOTRA), Koreýanyň eksport-import banky (KEXIM), Koreýa gaznasy (KF) ýaly iri maliýe düzümleriniň gurnamagynda geçirilýän forumda ABŞ-nyň 42-nji Prezidenti Bill Klinton hem çykyş etdi.

Bu foruma gatnaşan Koreýa Respublikasynyň Prezidenti Mun Çže In hem gatnaşyp, birnäçe başlangyçlar bilen çykyş etdi. Ol Günortra Koreýany goňşy ýurtlar bilen baglanyşdyrýan demirýol we beýleki taslamalaryň ilerledilmegi barada maglumat berdi. Şeýle hem ol Gündogar Aziýa demriýol taslamasy arkaly köp sanly ýurduň birleşdirilmeginiň möhümdigini belledi.

Bilşimiz ýaly, hormatly Prezidentimiz geçen ýylyň 30-njy oktýabrynda hem Demirgazyk Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça Halkara Forumyna gatnaşyjylara wideoýüzlenme bilen çykyş edipdi.

 

Jozef Baýdenden milli Liderimize minnetdarlyk

Ýene-de okaň

Russiýanyň “Ozon” internet söwda platformasy Türkmenistanyň bazaryna çykdy

Türkmen halkynyň Milli Lideri: Çagalar – parahat we abadan durmuşa mynasypdyr!

Türkmenistanda saýlawlar geçirilýär

Narine Saakýan we Jalpa Ratna Türkmenistanyň “Arkadag” medaly bilen sylaglandy

Oguljahan Atabaýewa: haýyr-sahawat gaznasynyň hasabyna näsag çagalara 758 operasiýa geçirildi

“Makul Iňlisçe-Türkmençe” dil gollanmasy neşir edildi

Ata Watan Eserleri