JEMGYÝET

Hormatly Prezidentimiz bilen BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi

Şu gün paýtagtymyzda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we düýn günüň ikinji ýarymynda ýurdumyza sapar bilen gelen Birleşen Milletler Guramasynyň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň arasynda gepleşikler geçirildi.

Ikitaraplaýyn gatnaşyklaryň taryhynda täze sahypany açan hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň we BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterrişiň duşuşygy paýtagtymyzyň “Oguzkent” myhmanhanasynda geçirildi.

Ikiçäk we wekiliýetleriniň giňeldilen düzümdäki geçirilen duşuşygyň dowamynda taraplar dürli ugurlarda hyzmatdaşlygy ösdürmek meselelerini ara alyp maslahatlaşdylar.

Mälim bolşy ýaly, BMG bilen köpugurly hyzmatdaşlygy hemmetaraplaýyn ösdürmek we pugtalandyrmak açyklyk, parahatçylyk söýüjilik we işjeň halkara hyzmatdaşlyk ýörelgelerine berk eýerýän Garaşsyz Türkmenistanyň daşary syýasatynyň esasy ugurlarynyň biri bolup durýar.

Ýene-de okaň

Türkmenistanyň ýolbaşçylary Täjigistanyň Prezidentini doglan güni bilen gutlady

Ýanwar-sentýabr: Türkmenistanyň Kanunlarynyň 23-si kabul edildi

Türkmenistanda täze saglyk merkezleri açylar

Arkadag şäherinde VI Wena baly geçiriler

Ata Watan Eserleri

Türkmenistanda 6-njy oktýabrdaky dynça güni 7-nji oktýabra geçirildi

Türkmen wekiliýeti Merkezi Aziýa ýurtlarynyň zenanlarynyň Dialogynyň forumyna gatnaşdy